Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Angela Merkel Azerbaýjan bilen has pugta ykdysady gatnaşyklara çagyrýar


German kansleri Angela Merkel prezident Ylham Alyýew bilen görüşýär. Baku, 25-nji awgust, 2018.

German kansleri Angela Merkel prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyp, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek gepleşiklerden öň iki ýurduň arasynda has pugta ykdysady gatnaşyklaryň gurulmagyna çagyrdy.

Iki lider Azerbaýjanyň goňşusy Ermenistan bilen arada uzak wagt bäri dowam edýän Dagly-Garabag dawasy we ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýy barada maslahat eder.

Azerbaýjan we Ermenistan uzak ýyllar bäri Dagly-Garabag regiony üstünde oňşup bilmän gelýär. Azerbaýjanyň territoriýasynda ýerleşýän Dagly-Garabag 30 müňden gowrak adamyň öldürilmegine getiren uruş döwründe, 1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşykdan öň Ermenistanyň goşunlarynyň goldawyndaky güýçleriň eline geçdi.

Wagtal-wagtal atyşyk we söweşler dowam edýär, otuz ýyllap alnyp barlan diplomatik tagallalar hiç bir ýurt tarapyndan garaşsyzlygy ykrar edilmedik Dagly-Garabag üstündäki konfliktiň çözgüdini ilerletmedi.

Azerbaýjan Merkeliň Günorta Kawkaza edýän saparynda soňky baran ýeri bolup, ol ilki Gürjüstanda, soň Ermenistanda boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG