Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň senatory, uruş gahrymany we ozalky prezidentlige kandidat Makkeýn 81 ýaşynda aradan çykdy


Jon Makkeýn (John McCain)

ABŞ-nyň senatory, Arizonadan alty möhlet respublikan senatory we Wýetnam konflikti döwründe harby ýesir bolan Jon Makkeýn (John McCain) 81 ýaşynda beýni düwnügi keselinden aradan çykdy.

"Senator Jon Sidni Makkeýn III 2018-nji ýylyň 25-nji awgustynda, agşamara sagat 4:28-de aradan çykdy. Senator aradan çykanda onuň ýanynda aýaly Sindi we olaryň maşgalasy boldy” diýip, senatoryň dogduk ştatyndaky ofisiniň çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Ol öz ahyrky demine çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna 60 ýyllap ygrarly hyzmat etdi” diýip, beýanatda bellenilýär.

"Meniň ýüregim paralanan. Meniňki şeýle oňuna boldy, 38 ýyllap şu ajaýyp adamy söýmegiň hözirini gördüm” diýip, onuň aýaly Sindi twitterde ýazdy. “Ol edil öz ömür sürşi ýaly, öz şertlerinde, söýen adamlarynyň arasynda, iň gowy gören ýerinde aradan çykdy.”

Näsaglygy jemgyýetçilige aýan bolanyndan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüni öz partiýasynyň içinden ýygy-ýygydan tankytlaýan senatora dil hüjümini dowam etdirse-de, Makkeýne hem respublikanlar, hem demokratlar tarapyndan ýokary bahalar berildi.

Emma muňa garamazdan, ýogalandan soň, Tramp özüniň twitterde çap eden beýanatynda “Men senator Jon Makkeýniň maşgalasyna çuňňur duýgudaşlyklarymy we hormatymy bildirýärin. Biziň ýüreklerimiz we doga-dileglerimiz siz bilen” diýdi.

Ozalky prezident, 2008-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Makkeýnden üstün çykan Barak Obama “biziň ählimiz oňa borçly” diýdi.

"Jon Makkeýn bilen men dürli-dürli nesilleriň agzalary bolduk, düýpden başga şerlerde kemala geldik we syýasatyň iň ýokary derejesinde bäsleşdik” diýip, Obamanyň beýanatynda aýdylýar.

"Emma biz, öz ähli pikir dürlüliklerimize garamazdan, haýsydyr bir ýokarky ygrarlylyga, amerikan nesilleriniň we immigrantlaryň birmeňzeş ugrunda göreşen, ýolunda ýöriş eden we özlerini pida beren ideallaryna şärik bolduk” diýip, Obama aýtdy.

Jon Makkeý Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde Ýewropa tarapdar ýygnanyşykda çykyş edýär. 15-nji dekabr, 2013
Jon Makkeý Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde Ýewropa tarapdar ýygnanyşykda çykyş edýär. 15-nji dekabr, 2013

Makkeýn köplenç kyn meselelerde demokratlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge höwesli bolmakda öwüldi.

Goranmak sekretary Jim Mattis köpler tarapyndan uruş gahrymany hasaplanan adamy öwüp, “Biz öz ýurdumyzyň iň gowy ideallaryna durnukly wekilçilik eden adamy ýitirdik” diýdi.

Wagtynyň azalmagy bilen, Makkeýn öz soňky aýlaryny Arizonadaky mülkünde, maşgalasynyň we dostlarynyň arasynda geçirdi we indi iň soňky bolup çykan –“Ynjalyksyz tolkun: Gowy günler, Esasly sebäpler, Beýik söweşler we beýleki ykrarnamalar” atly kitabyny çap etdirdi.

Senatyň Ýaragly gulluklar komitetine uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Makkeýn goranmak we daşary syýasat meselelerinde ekspert hasaplanylýardy.

Bir syýasy partiýadan bolmaklaryna garamazdan, Makkeýn köplenç Trampyň alyp barýan syýasatynyň gürrüňini etdi, hususan-da prezidentiň Orsýet we prezident Wladimir Putin hakynda dostlukly diýip hasplanan beýanatlaryny oňlamady.

Makkeýn geçen aýda “Putin Amerikanyň dosty-da, ýöne bir bäsdeşi-de däl. Putin Amerikanyň duşmany – özem bu biziň muny islänimiz üçin däl, eýsem onuň özüniň şeýle bolmagy saýlap alany üçin” diýdi.

Makkeýn 2017-nji ýylda Senatda Trampyň Obamanyň gol çeken saglygy saklaýyş planyny ýatyrmak tagallalary ret edilende hem oňa garşy duran aýgytly ses bolup, Trampyň gaharyny getirdi.

Jon Makkeýn, 1973
Jon Makkeýn, 1973

Ol ABŞ-nyň harby-deňiz admirallarynyň ogly we agtygy bolup, 1967-nji ýylda, 31 ýaşyndaka ABŞ-nyň uzak söweş missiýasy wagtynda uçary urlup ýykylandan soň, tas alty ýylyny Demirgazyk Wýetnamdaky türmede gynag astynda geçirdi.

Maşgalasynyň baglanyşyklaryny öwrenen demirgazyk wýetnamly ýesir alyjylar oňa propaganda hilesi bolup biljek teklip bilen ýüzlendiler, ýagny ir boşamagy teklip etdiler. Makkeýn bu teklipden ýüz öwürdi we özünden öň ýesir alnanlaryň ilki boşadylmalydygyny aýtdy.

Makkeýn öýüne bäş ýarym ýyl soň, elleri pişekli dolandy we hiç wagt el-aýagyna doly erk edip bilmedi.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG