Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny Moskwada tussag edildi


Alekseý Nawalny

Rus oppozision syýasatçysy we korrupsiýa garşy göreşijisi Alekseý Nawalny öz Moskwadaky jaýynyň işiginde tussag edildi diýip, onuň sözçüsi Kira Ýarmiş 25-nji awgustda twitterde habar berdi.

Ýarmiş Nawalnynyň ýerli polisiýa stansiýasyna alnyp gidilendigini, onuň mobil telefonynyň polisiýa tarapyndan elinden alnandygyny aýtdy.

Ol biraz soň bu tussaglygyň 28-nji ýanwarda Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynyň boýkot edilmegine goldaw bermek üçin geçirilen protestler bilen baglanyşykly bolup görünýändigini aýtdy.

Şonda ýurt boýunça geçirilen protestler mahalynda Nawalny bilen bilelikde 250-den gowrak adam tussag edilipdi.

Ýarmişiň twitterde ýazmagyna görä, Nawalnynyň 27-nji awgustda sud diňlenişigine çykarylmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG