Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik-owgan serhedinde iki adam öldürildi


Täjik-owgan serhedi. Arhiw suraty.

Täjigistanyň Owganystan bilen serhedinde dörän ok atyşlykda iki adam öldi, biri hem ýaralandy.

Farkhor etrabynyň howpsuzlyk resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bag çapmak üçin ýola çykan raýatlaryň ulagyna serhetden ot açylypdyr.

Täjigistanyň Serhet gullugy Azatlyk Radiosyna bu hadysa barada maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar sebite howpsuzlyk işgärleriniň, şeýle-de dikuçarlaryň gelendigini habar berdiler.

Owganystanyň Takhor welaýatynyň polisiýasy bu waka barada habardar edilendigini, emma goşmaça maglumatynyň ýokdugyny aýtdy. Ol ok atyşygyň dörän sebitinde “Talyban” jeňçileriniň bardygyny hem sözüne goşdy.

Täjigistanyň Owganystan bilen 1 müň 400 km serhet araçägi bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG