Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzlylar, lebaplylar bugdaýy üwedip, un meselesini çözmäge synanyşýarlar


Daşogzuň bazarlarynda iki aýdan bäri unuň tapdyrmaýandygy aýdylýar.
Daşogzuň bazarlarynda iki aýdan bäri unuň tapdyrmaýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we azyk gytçylygynyň fonunda, iň azyndan Daşogzuň we Lebabyň ýaşaýjylary indi bugdaýy çyg görnüşinde satyn alyp, soňy bilen-de ony degirmende üwedip çörek meselelerini çözmäge synanyşýarlar.

“Bazarlarda unuň, çöregiň gytçylygy dowam edýär. 1 kilogram çyg bugdaýy 7 manatdan satyn alyp, soňra arassalap degirmene alyp barýarys. 20 kilogram bugdaýy un etmek üçin degirmeni işledýänler 20 manat zähmet haky soraýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran 38 ýaşyndaky gubadagly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Ol 20 kilogram bugdaýyň 25-30%-niň kepek çykýandygyny, netijede üwelen bugdaýdan 1 kilogram unuň 10 manatdan gowraga düşýändigini sözüne goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmeleri soňky iki aýdan bäri sebitiň bazarlarynda unuň tapdyrmaýandygy barada maglumat beripdiler.

Şeýle-de, awgustyň ortasynda türkmen häkimiýetleri Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplary girizipdiler. Mundan beýläk, her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn almak üçin, azyndan bir aý öňünden un alýan dükanyňa baryp nobata ýazylmaly, hem-de şol pursadyň özünde-de unuň bahasyny tölemeli.

Aşgabatda azyk harytlarynyň nobatlary artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri resmi derejede ýokarky maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Munuň deregine, tamamlanan oragyň anyk netijelerini agzaman, üstümizdäki ýylyň 1 million 600 müň tonnalyk galla planyny kesgitleýärler.

Bu aralykda, Daşoguzda un-çörek ýetmezçiligi bilen birlikde, ilata gündelik zerur bolan azyk-harytlaryň hem gymmatçylygy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi welaýatyň bazarlaryndaky soňky bahalar barada 28-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir :

  • Mekgejöweniň 1 kg – 12-15 manatdan;
  • Ak jöweniň 1 kg – 13 manatdan;
  • Mäşiň 1 kg – 27 manatdan;
  • Tüwiniň 1 kg – 40 manatdan;
  • Mesge ýagynyň 1 kg – 150 manatdan;
  • Garpyzyň 1 kg – 5 manatdan;
  • Gawunyň hem 1 kg – 6 manatdan satylýar.

“Adamlar ‘tokaýda odun tapdyrmaýşy ýaly, bazarlarymyzda hem özümizde ýetişen gök bakjalar tapdyrmaýar’ diýip, ýaňsalaýarlar. Ilatda satyn almaga pul ýok” diýip, howpsuzlyk sebäpli atsyz çykyş edýän habarçymyz gürrüň berdi.

Mundanam başga, harytlaryň bahalarynyň günsaýyn gymmatlaýan döwri çagalaryň 160 manatlyk kömek pulunyň, ýagny posobiýasynyň hem “hiç zada ýetmeýändigi” aýdylýar.

“Häzir bir kilogram emeli çaga kaşasy 115 manat, bir guty pampers (gundag – red.) 130 manat. Bu bize çagany diňe bir hepde oňuşdyrmaga ýetýär. Çagaň keselläýse dagy, daty günüňe...” diýip, işsizlikden hem kösenýändigini aýdan maryly 40 ýaşlaryndaky Leýla daýza (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.

Azyk bolçulygy: resmi media we durmuş
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dymýarlar. Ýöne, türkmen mediasynda ýurtda “bagtyýarlyk zamanasynyň dowam edýändigi”, “bolçulygyň höküm sürýändigi” aýdylyp, azyk-harytlardan doldurylan tekjeleriň wideolary görkezilýär.

XS
SM
MD
LG