Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda çäkli derejede satylýan una çäklendirmeler girizildi


Her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn alyp bilmek üçin, azyndan bir aý öňünden un alýan dükanyňa baryp nobata ýazylmaly.
Her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn alyp bilmek üçin, azyndan bir aý öňünden un alýan dükanyňa baryp nobata ýazylmaly.

Türkmen häkimiýetleri Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplary girizdiler.

Mundan beýläk, her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn alyp bilmek üçin, azyndan bir aý öňünden un alýan dükanyňa baryp nobata ýazylmaly we şol pursadyň özünde-de indi satyn almaly unuň bahasyny töläp gaýtmaly.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi bilen söhbetdeş bolan bir dükan eýesiniň aýtmagyna görä, mundan soňra nobata ýazylan adam ýörite hasaba alynýar.

“Alyjy nobata ýazylandan we tölegi edeninden soň, biz bu barada etrap häkimligine hasabat berýäris. Häkimlik hem adam sanyny we öňünden geçirilen pullary un zawodyna tabşyrýar. Garaz, bir aý çemesi wagtdan soň hasaba alnan adamyň un almak nobaty ýetýär” diýip, Gubadag etrabyndaky döwlet dükanynyň atlandyrylmasyzlygyny soran bir satyjysy gürrüň berdi.

Mundan soň, un zawodynyň, etrap polisiýasynyň, prokuraturanyň we milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gözegçiliginde un dükana getirilýär we nobaty ýeten adamlara paýlanyp berilýär.

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Emma, bu ýerde-de bir aý öňünden nobata ýazylyp, pulyny hem tölän raýatlaryň uny alyp biljegi gümana. Sebäbi, un bilen gelen resmiler raýatlardan pasportyndan başlap, tä döwlete tölän salgytlaryna çenli sprawkalary, güwänamalary soraýarlar.

“Un nobaty ýeten adamyň ýanynda hökmany ýagdaýda ýaşaýan ýeri, maşgala ýagdaýy baradaky sprawkalary bolaýmaly. Raýatyň ulagy bar bolsa, onda ol döwlete munuň bilen baglylykdaky salgytlaryň ählisini wagtynda töländigi, şeýle-de gaz, elektrik, suw tölegleri boýunça bergisiniň ýokdugyny subut etmeli. Mundanam başga, adamlaryň hojalygyndaky mallaryň sany soralýar. Eger-de, iri şahly malyň sany 2-den köp bolsa, onda ýene-de degişli salgytlaryň tölenendigi baradaky sprawkanyň getirilmegi talap edilýär. Şu dokumentleri bolmadyklara un ýok, berilmeýär” diýip, dükan satyjysy gürrüň berdi.

Türkmen resmileriniň şertlerini berjaý edip bilen raýatlara 2 kilogram un normasy berlendenem soň, olara uny alandygy barada dil haty ýazdyrylýar.

Raýatlar un bilen birlikde, şeker, ösümlik ýagy ýaly käbir azyk harytlaryny satyn almak üçin dükanlaryň öňünde gijeden nobata durýarlar. Uly nobatlarda häli-şindi goh-galmagallar döreýär we adam başyna çäkli derejede satylýan harytlar hem gysga wagtyň içinde gutarýar.

Aşgabatda azyk harytlarynyň nobatlary artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki döwür agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýylyň başynda aýlyklar, kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary 10% ýokarlandyrylan bolsa, şondan bäri azyk we senagat harytlarynyň bahasy hem azyndan 100% gymmatlady.

Türkmen resmileri ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde ýokarda beýan edilen maglumatlary tassyklap, ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Hökümeti goldap çykyş edýän habar saýtlary wagtal-wagtal ýurtda “bagtyýarlyk zamanasynyň dowam edýändigini”, “bolçulygyň höküm sürýändigini” aýdyp, azyk-harytlardan doldurylan tekjeleriň ýokary hilli suratlaryny okyjylaryna hödürleýär.

XS
SM
MD
LG