Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň prezidenti Rohani ykdysady krizis sebäpli parlamentde soraga tutulýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani hökümet maslahatynda çykyş edýär. Tähran, 15-nji awgust, 2018

28-nji awgustda Eýranyň parlamenti ýurtda dowam edýän ykdysady krizis bilen bagly prezident Rohanini soraga çagyrdy. Maýylgan syýasaty bilen tanalýan Rohani 2013-nji ýylda wezipä girişeli bäri ilkinji gezek parlamentde soraga çekilýär. Bu ýagdaý onuň ykdysady reformalaryna garşy çykýan aşa berk syýasatyň tarapdarlarynyň ýeňşi hasaplanýar.

Kanun çykaryjylar Rohanini aprel aýyndan bäri hümmeti iki esse pese gaçan riýaly goramakda hödürleýän meýilnamalary, şeýle-de ýurtda artýan işsizligiň öňüni almakda görýän çäreleri boýunça soraga çekýärler.

Onuň parlamente çagyrylmagy ýurduň ykdysadyýet ministri Masud Karbasianyň wezipeden boşadylmagynyň yzýanyna gabat gelýär. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Rohaniniň ykdysadyýete seredýän toparynyň dört agzasy wezipeden çetleşdirildi.

Parlament şu aýyň başynda Rohaniniň sosial üpjünçilik ministriniň garşysyna ses berdi, merkezi bankyň başlygy we onuň orunbasary iýul aýynda wezipeden boşadyldy.

Ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, kanun çykaryjylar Rohani bilen onuň toparyny 2015-nji ýylda iri döwletler bilen Eýranyň arasynda gol çekilen ýadro şertnamasyndan ABŞ-nyň çekilip, sanksiýalary täzeden girizmegi bilen baglylykda aýyplaýarlar.

Riýalyň hümmetiniň gaçmagy, belli bir derejede, şu aýyň başynda käbir sanskiýalaryň täzeden güýje girizilmegi bilen bagly hasaplanýar. Sanksiýalaryň galan bölegi noýabr aýynda täzeden güýje girer.

Rohaniniň aşa berk syýasata tarapdarlyk edýän köp sanly tankytçylary ýadro şertnamasyna, hem-de Günbatar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna garşy çykypdy. Olar indi Rohanini wezipeden çekilmäge çagyrýarlar.

Eýranyň kanun çykaryjylarynda Rohanini häkimiýetden çetleşdirmek hukugy bar, ýöne ýokary lider Aýatollah Ali Hamaneý onuň 2021-nji ýyla çenli saýlanan möhletini tamamlamagyny makullaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG