Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy (GSDP) ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew bilen häzirki lideri Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda artýan dartgynlylyga ünsi çekip, hökümetiň syýasatyny geljegi görmeýän, “gysga garaýyşly” diýip tankyt etdi.
28-nji awgustda ýaýradylan beýanatda Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy häkimiýetleri “geljegi görmeýän syýasaty amala aşyrmakda, syýasy garşydaşlary yzarlamakda, gowşak ykdysady syýasatda” tankytlap, munuň “ýurtda barha protest keýpini” döredýändigini öňe sürdi.
Häkimiýetdäki koalisiýanyň bir bölegi bolan Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasyna Atambaýew ýolbaşçylyk edýär.
Şeýle-de, beýanatda partiýa häkimiýetleri “Atambaýewiň, aýdylmagyna görä, häkimiýeti bikanun ele geçirmek planlary” diýip, öňki prezident barada “gybat” ýaýratmakda aýyplady.
Prezident Žeenbekowyň edarasy Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasynyň aýyplamalaryna gaýtawul berlip, resmi beýanat çap edilmejekdigini mälim etdi.