Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy: SSSR döwründäki “Ählihalk ýowarlary” indi bizde, göýä, “Ählihalk nobatlaryna” öwrüldi


Aşgabatda nobata duran adamlar. (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabatda nobata duran adamlar. (Illýustrasiýa suraty)

Gündelik harytlaryň ýeter-ýetmezçiligi sebäpli paýtagt Aşgabatda ýerli ýaşaýjylar zerur harytlaryny satyn almak üçin, ir säher bilen dükanlaryň öňünde nobata durup, özlerine gezek ýetýänçä sagatlap garaşmaly bolýarlar. Şol bir wagtyň özünde, harytlaryň gymmatlamagy dowam edýär.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew dükanlaryň öňündäki nobatlar barada gürrüň berdi.

“Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda azyk harytlarynyň ýetmezçiligi, ýa-da olaryň bahasynyň gitdigiçe gymmatlap, il içinde aýdylyşy ýaly “keýigiň şahyna çykmagy” indi geň-taň görülenok. Adamlar bahanyň galmagy bilen-de öwrenişipdirler, olar gijäniň bir wagty, daňa ýakyn baryp, nobata durmak bilen-de öwrenişipdirler. Nobatlar ozal-da bar welin, soňky 6-7 aýyň dowamynda “Ahal” ýagy we şuňa meňzeş harytlar üçin daňdan sagat 4:00 – 5:00-de adamlar dükana baryp nobata durýarlar” diýip, Bugaýew belledi.

Ol, adatça, nobatlara aýal maşgalalaryň durýandygyny mälim edip, häkimiýetleriň nobatlary gözegçilikde saklaýandygyny, adamlara dükanlaryň öňünde däl-de arka tarapynda nobata durmaga rugsat berilýändigini aýtdy.

Synçy Bugaýew nobatlar bilen bagly Aşgabadyň “On ýyl abadançylyk” köçesiniň gabadynda ýerleşýän 79-njy dükany, “Türkmenbakaleýa” birleşigine degişli bolan 3-nji dükany, Berkararlyk etrabyna degişli 20-nji dükany gürrüňdeşlikde agzady.

Ol söhbetdeşligiň dowamynda 19-njy awgusta aýratyn ünsi çekip, 79-njy dükanyň öňünde dörän nobatlar bilen bagly “geň” diýip häsiýetlendirilýän bir wakany gürrüň berdi.

“Awgust aýynyň 19-dan başlap, şol dükanyň öňündäki nobatlar has-da güreldi. Özem geň galmaly tarapy, hem erkekler, hem aýallar nobata durdy. Erkekler dik aýak üstünde nobata durdylar, aýal maşgalalar bolsa, soňky iki aýdan gowrak wagt bäri düşegiň üstünde otyrlar” diýip, synçy belledi.

Ol adatdakysyndan gürelen nobatyň sebäbi bilen bagly gyzyklanmalaryny gürrüň berdi.

“Adam bar ýerinde gyzyklanma bar, ‘bu nä, bu gezek has-da köpelipsiňiz!?’ diýip, sorap gyzyklananymyzda, olaryň beren jogaby: ‘çilim satyljakmyş’ diýip aýtdylar” diýip, söhbetdeşimiz habar berdi.

Onuň sözlerine görä, garaşýan adamlaryň tamasy 19-na ödelmeýär, ýöne ertesi güni, aýyň 20-sine agzalýan dükanda irden 1 sagada golaý çilim satylýar.

Söhbetdeşlikden mälim bolşuna görä, dükanyň arka tarapyndaky penjireleriň birinde çilim, beýlekisinde “Ahal” ýagy satylýar. Synçy Türkmenistanda çilimiň diňe erkek adamlara satylýandygyny, aýal maşgalalara çilim satmagyň gadagan edilendigini sözüne goşdy.

“Soňundan 4-5 günläp adamlar her gün ala-daňdan [dükana] baryp gaýdýarlar, ýöne satylýan çilim ýok. Şonda-da daňdan sagat 6:00-a baran adamlar, ‘çykmadyk janda umyt bar’ diýlenini edip, [günortan] sagat 11:00 töwereklerine çenli garaşýarlar. Çilim gelmänsoň, yzlaryna gaýdýarlar. Ýöne 27-si güni welin başgaçarak oýun edilipdir” diýip, synçy belledi.

Onuň sözlerine görä, 27-nji awgustda “Türkmenbakaleýa” birleşiginiň 3-nji dükanynda ir-säher çen bilen 6:30-7:00 aralygynda arka penjireden çilim satylýar.

Synçy paýtagtyň dükanlaryndaky nobatlara polisiýa gulluklarynyň, harby institutyň talyplarynyň, hem-de beýleki güýç gulluklarynyň gözegçilik edýändigini habar berdi.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz zerur harytlary satyn almak üçin nobatlarda ýaşy bir çene baran adamlaryň, aýal maşgalalaryň göze ilýändigini aýtdy:

“SSSR döwründe käbir sözler dilimize girdi, şonda “Ählihalk ýowary” diýlen bir düşünje bardy. Indi, çilim nobaty, beýleki gyt harytlaryň nobaty “Ählihalk nobatyna” öwrülip barýar, kem-kemden” diýip, paýtagtly synçy nygtady.

Ol gymmatçylyk barada gürrüňe dowam edip, häzirki wagtda Aşgabatda gara bazarda 1 dollaryň 17 manatdan satyn alynýandygyny, 18 manatdan satylýandygyny belledi.

Ol döwlet dükanlarynda gyt unuň her ele 3 kilogramynyň 6 manatdan, gytalan şekeriň hususy dükanlarda 14-15 manatdan, Türkiýeden getirilen gyzyl almanyň kilogramynyň 36-40 manatdan satylýandygyny, 18 manatdan aşakda pomidoryň tapdyrmaýandygyny sözüne goşdy.

Döwlet resmileri bu maglumatlary tassyklap, ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.

XS
SM
MD
LG