Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýaly işewür Moskwanyň merkezinde öli tapyldy


Polisiýa wakanyň bolan ýerini derňeýär.
Polisiýa wakanyň bolan ýerini derňeýär.

Belgiýaly biznesmen Moskwanyň merkezinde öli tapyldy. Ol ýaşaýyş jaýyndan aşak gaçan ýaly bolup görünýär diýip, 30-njy awgustda rus mediasy habar berýär.

Bruno Çarles De Kumanyň (Bruno Charles De Cooman) ölüminiň ýagdaýlarynyň derňelýändigini, polisiýa çeşmesi aýtdy. Ýöne ol De Kumanyň ölümine jenaýat işi hökmünde çemeleşilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

De Kuman Orsýetdäki “Novolipetsk Steel” (NLMK) kompaniýasynda barlag we işläp taýýarlamak boýunça wise-prezidentdi.

Orsýetiň “TASS” habar agentligi işewüriň Kremliň golaýynda ýerleşýän Serafimowiç köçesindäki ýaşaýyş jaýyndan aşak gaçandygyny habar berdi.

De Kumanyň “jesedi Moskwa derýasynyň garşysyndaky 12 gatly binanyň, ýagny Embankment jaýynyň golaýynda tapyldy” diýip, “Interfax” habar agentligi resmi çeşmä salgylandy.

“Ölüme ýokary beýiklikden, penjireden aşak gaçmak sebäp bolan ýaly bolup görünýär” diýip, çeşme aýdýar.

TASS öz çeşmesine salgylanyp, işewüriň jaýynda geçirilen başlangyç gözleg işlerinde iki ýa-da birnäçe adamyň arasynda ýakalaşygyň bolandygy barada alamatlaryň ýokdugyny mälim etdi.

Muňa garamazdan, işewüriň ölüminiň ýagdaýlary nämälim bolmagynda galýar we polisiýa derňewleri geçirýär.

“Novolipetsk Steel” (NLMK) kompaniýasyna “Forbes” žurnalynda Orsýetiň iň baý oligarhlarynyň biri diýlip agzalýan Wladimir Lisin eýeçilik edýär.

XS
SM
MD
LG