Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk kafesinde bolan partlama iki adamy, şol sanda ukrain sepetatist lideri Zaharçenkony öldüridi


Aleksandr Zaharçenko

Donetsk halk respublikasy diýilýäniň başlygynyň separatistleriň baýram etjek kafesinde bolan partlamada öldürilmegi gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň ýolbaşçylaryny aljyraňňylyga saldy.

Aleksandr Zaharçenko 31-nji awgustda “Separ” kafesinde bolan partlamada öldürildi we bu ýagdaý pitneçiler geňeşiniň derhal adatdan daşary ýygnak çagyrmagyna hem-de seperatistleriň Moskwadaky goldawçylarynyň gazaba münmegine getirdi.

Zaharçenkonyň ölümi gündogar Ukrainadaky seperatist resmileriniň we komandirleriniň arasynda bolýan zorlukly ölümleriň soňky mysaly bolup durýar.

Moskwadan goldaw alýan separatistler 2014-nji ýyldan bäri Kiýewdäki merkezi hökümete garşy uruşýarlar we bu söweş netijesinde 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.

Kast ediş hüjümleriniň köpüsinde piteneçileriň öz ýoldaşlary günälendi. Donetst täzelikler agentliginiň öz websaýtynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, 1976-njy ýylda Donetskde doglan we ozal kömür-magdan elektrigi bolup işlän, 42 ýaşyndaky Zaharçenko merkezi Donstskde bolan partlamada öldürildi. Partlamada onuň janpenasy hem heläk boldy.

Şeýle-de, bu partlamda ýene bir separatist şahsyýetiniň, Aleksandr Timofeýewiň agyr ýaraly bolandygy aýdylýar. “DHR-yň (Donetsk halk respublikasynyň) ýolbaşçysy terror hüjümi netijesinde öldi” diýip, AFP habar agentligi 1-nji sentýabrda Zaharçenkonyň sözçüsine salgylanyp habar berdi.

Rus habar gulluklary 31-nji awgust güni giçlik Timofeýewiň ýagdaýynyň kadalaşandygyny we indi janynyň howp astynda däldigini habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG