Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sentýabr köçe-ýol hereketine bagyşlanýar, sürüjiler artýan paralardan şikaýat edýär


Türkmenistanyň Ýol gözegçilik polisiýasy. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň Ýol gözegçilik polisiýasy. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda sentýabr aýy Köçe-ýol hereketine gözegçilik aýy yglan dildi. Bu aýyň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklary ýurduň çägindeki magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda herekete gözegçiligi güýçlendirýär.

“1-nji sentýabrdan başlap, aýyň aýagyna çenli Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, şäherlerde we oba ýerlerinde gije-gündüzläp gözegçilige geçýär. Il arasynda sentýabr aýy “Ýol polisiýasynyň gazanç aýy” hökmünde tanalýar” diýip, Azatlygyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Türkmenistandan atsyz çykyş edýän habarçysy belleýär.

“Bu aýyň dowamynda ulag eýeleriniň tas 80 %-i şahsy ulaglaryna münmän, bar ýerinde köpçülikleýin transport serişdelerinden, ýok ýerinde taksileriň hyzmatlaryndan peýdalanmagy makul hasaplaýarlar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy ýerli sürüjilere salgylanyp, bu ýagdaýyň sebäbini aýyň dowamynda köçelerdäki ýol inspektorlaryň sanynyň ençeme esse köpelmegi, şeýle-de “ýol paralarynyň” mukdarynyň adatdakylaryndan ençeme esse ýokarlanmagy bilen düşündirdi.

“[Bu aýyň dowamynda] köçelerdäki ýol inspektorlarynyň sany öňküsinden tas 10 esse köpelýär. Olaryň alýan parasy hem adatdakysyndan 5 esse töweregi köpelýär” diýip, bir sürüji Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Welaýatlaryň ençeme ýaşaýjylarynyň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, bu aýyň dowamynda pugtalandyrylýan gözegçilik çäreleriniň ýol hadysalarynyň azalmagyna täsir etmeýär.

“Bu aý adamlar köplenç şahsy ulaglaryny ulanmansoň, döwletiň gaznasy benzinden gelmeli adatdaky girdejisinden ät galýar” diýip, habarçy daşoguzly bir Ýangyn guýujy stansiýanyň işgäriniň sözlerini getirdi.

Türkmenistanda “köçe ýol hereketiň düzgünlerine” ýa-da “saglyk” aýyna bagyşlanýan aýlar her ýyl diýen ýaly gaýtalanyp durýar.

Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlanýan aýlaryň dowamynda ýol hereketine gözegçilik pugtalandyrylýan bolsa, saglyga bagyşlanýan aýlarda ençeme döwlet edaralarynyň ähli işgärlerine, şol sanda mekdepleriň mugallymlaryna, hassahanalaryň işgärlerine köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary etdirilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hadysalary bilen bagly statistiki maglumatlary jemgyýetçilige aýan etmeýär.

Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar, ýa-da umuman beýleki maglumatlar goýberilmeýär.

Oňa derek ýurduň hökümetçi saýtlary garaşsyz çeşmelerde nähilidir bir ýol hadysasy barada maglumat peýda bolsa, dessine Polisiýa gulluklaryndan diýilýän adamlara salgylanyp ret edýärler.

Meselem, aprel aýynyň ortalarynda Gökdere jülgesine barýan ýolda bolan awtobus heläkçiligini hökümetçi bir saýt Ýol gözgeçilik edarasynyň işgärine salgylanyp inkär etdi. Şeýle-de, 1-nji sentýabrda garaşsyz çeşmelerde, şol sanda Azatlykda ýetirilen Türkmenabatdaky pagtaçylaryň awtobus heläkçiligi baradaky maglumatlary ertesi güni şol bir saýt içeri işler ministrliginden diýilýän bir adama salgylanyp derhal ret etdi.

Içeri işler ministrliginiň işgärleri "Altyn Asyr" döwlet telekanalynda çykyş edýärler
Içeri işler ministrliginiň işgärleri "Altyn Asyr" döwlet telekanalynda çykyş edýärler

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telekanalynda çykyş eden içeri işler ministrligine degişli edaralaryň işgärleri, ýaýlyma berlen çykyşlarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk köçe-ýol hereketine bagyşlanan çäreleriň “Döwlet adam üçin” diýen ýörelgeden ugur alýandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG