Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa deportasiýa edilen çeçen bosguny ýitirim boldy


Azamat Baýduýew, hiç hili düşündiriş berilmezden, näbelli bir ýere äkidildi.

“Amnesty International” guramasy rus resmilerine ýüzlenip, Polşadan Russiýa zor bilen deportasiýa edilen, soňy bilen-de ýitirim bolan çeçenistanly bosgunyň häzir nirede saklanýandygyny äşgär etmäge çagyrdy.

Azamat Baýduýew 31-nji awgustda Russiýa deportasiýa edilipdi. 1-nji sentýabr gijesi bolsa, Federal Howpsuzlyk Gullugynyň we Içeri Işler ministrliginiň lybaslaryna geýnen, ýaragly adamlar Azamat Baýduýewiň Çeçenistanyň Şalazi obasyndaky öýüne kürsäp girdi.

Azamat Baýduýew, hiç hili düşündiriş berilmezden, näbelli bir ýere äkidildi. Onuň ýakynlaryna hem hiç hili maglumat berilmedi.

“Bu ýagdaý çeçen bosgunlarynyň Russiýa dolanmaly däldigini gowy görkezdi” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Denis Kriwoşeýew aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG