ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we onuň ýaranlary Russiýa we Eýrana jeňçileriň soňky berkitmesine “oýlanşyksyz hüjüm” etmezlige çagyrdy. Şeýle-de, ol munuň netijesinde ýüzlerçe müň adamyň ölmeginiň mümkindigini duýdurdy.
Siriýa Türkiýäniň serhediniň golaýyndaky Idlib welaýatyna hüjüm etmäge taýýarlanýar. Bu sebitde Assada garşy göreşýän jeňçileriň soňky berkitmesi ýerleşýär.
Idlibde üç million töweregi parahat ilatyň bardygy çaklanylýar. BMG hökümet hüjüme geçse, 800 müň töweregi adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galyp biljekdigini aýtdy.
Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän konfliktde 400 müň töweregi adam öldi.