Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Telegramy petiklemek üçin “täze tehnologiýany synagdan geçirýär”


Moskwada Telegramy goldamak boýunça geçirilen ýöriş çäresi. 30-njy aprel, 2018 ý.

Russiýa Telegram messenjeri we ýurtda gadagan edilen beýleki sosial ulgamlary netijeli petiklemek üçin täze tehnologiýany synagdan geçirýär. Bu barada Reuters habar agentligi özüniň ele salan resminamasyna salgylanyp habar berýär. Habar agentliginiň maglumatyna görä, Moskwa käbir beýleki online-hyzmatlary petiklemezden Telegramy bloklamagyň ýollaryny henizem tapyp bilmeýär.

Aýdylmagyna görä, täze tehnologiýany synagdan geçirmek işleri bilen ýörite komissiýa meşgullanýar we bu çäre 6-njy awgustdan bäri Moskwanyň Reutow sebitinde amala aşyrylýar. Bu komissiýanyň düzümine Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB), aragatnaşyga gözegçilik edýän “Roskomnadzor” edarasynyň we Digital ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin media ministrliginiň wekilleri girýär.

Mundan ozal Russiýanyň digital ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin media boýunça ministriniň orunbasary Alekseý Wolin Telegramy internetdäki beýleki ulgamlar ýa-da hyzmatlar ýaly doly petikläp bolmaýandygyny aýdyp, muny “şu günüň hakykaty” diýip häsiýetlendiripdi.

20-nji martda “Roskomnadzor” Telegram kompaniýasyna ulanyjylaryň hat alyş-çalşygyny okamak üçin zerur bolan şifrleme açarlaryny 15 günüň dowamynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) bermegi tabşyrypdy. Mundan öň Orsýetiň Ýokary sudy Telegramyň bu talap dogrusynda eden şikaýatyny ret edipdi.

Şu ýylyň aprel aýynda bolsa, Moskwanyň sudy Telegram messenjer tilsimine garşy karar çykaransoň, Russiýanyň aragatnaşyga gözegçilik edýän “Roskomnadzor” edarasy Telegramy resmi taýdan petikläp başlapdy.

Emma bu banklaryň, online dükanlaryň, sosial ulgamlaryň we beýleki hyzmatlaryň käbirleriniň işinde bökdençlikleri döretdi. Şeýle-de, orsýetli internet ulanyjylarynyň Viber messenjer tilsimine, Volvo cars internet hyzmatlaryna we Xiaomi wideo kameralaryna elýeterliligi çäklendirildi.

Russiýanyň “Proteý tehnologiýa” kompaniýasynyň döredijileriniň biri Anton Pinçuk “Reuters” habar agentligine täze tehnologiýany synagdan geçirmek işlerine özleriniň hem çagyrylandygyny, ýöne kompaniýanyň muny ret edendigini aýtdy.

Häzire çenli “Amazon” we Google” tilsimleriniň IP-lerinden ulanmak arkaly Telegramdan belli bir derejede peýdalanyp bolýardy. Täze synagdan geçirilýän tehnologiýa “Deep Packet Inspection”, ýagny “Paketiň çuňňur derňelmegi” diýlip atlandyrylyp, onda internet trafigi barlanylyp, takyk maglumatlaryň üsti açylýar.

Muňa garamazdan, täze tehnologiýany synagdan geçirmek işlerine çagyrylan iki kompaniýanyň wekilleri başlangyç synaglaryň şowsuz bolandygyny, sebäbi petiklenmek üçin nyşana alnan tilsimlerden başga-da birnäçe internet hyzmatynyň bloklanandygyny aýtdylar diýip, “Reuters” habar agentligi ýazýar. Olaryň sözlerine görä, bu synaglar awgustyň 20-ne tamamlanmalydy, ýöne bökdençlikler sebäpli bu wagt möhleti yza süýşürildi.

Russiýanyň aragatnaşyga gözegçilik edýän “Roskomnadzor” edarasy synaglar barada berlen soraglara özüniň bu hakynda maglumatynyň ýokdugyny aýdyp, jogap berdi. FSB we Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durow soraglara jogap bermedi. Russiýanyň Digital ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin media ministriniň orunbasary hem bu barada kommentariýa bermekden saklandy.

Telegramyň tutuş dünýäde 200 million ulanyjysy bolup, bu messenjer Russiýa we Eýran ýaly ýurtlarda meşhurlyga eýedir.

XS
SM
MD
LG