Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa türk işçilerini Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna golaýlaşdyrmady


Türk gurluşykçylary

4-nji sentýabrda türk gurluşykçylarynyň Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirip, metbugata beýannama bermegine rugsat edilmedi.

Aşgabatda işläp gaýdan türk işçileri türkmen firmalarynyň 2 ýyldan bäri algylaryny tölemeýändigi barada ýene bir gezek öz nägileligini bildirmegi maksat edinendigini, ilçihana zyýan bermek ýaly niýetiniň bolmandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan protestçileriň aýtmagyna görä, 4-nji sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 13.30 töwereginde nägilelik piketiniň geçiriljegi hemmelere mälim edildi. Algydar gurluşykçylaryň wekilleri türkmen ilçihanasynyň işgärlerini hem mundan habardar etdiler.

"Hamana biz Türkmenistanyň ilçihanasyny basyp almaga synanyşýan ýaly, bu ýere 3 sany awtobus protestlere garşy ýörite tälimli polisiýa güýjüni üýşüripdirler. Türkmen ilçihanasynyň öňünde piket geçirmegimize rugsat berilmedi Hemmämizi dargatdylar. “Täzeden jemlenjek bolsaňyz hemmäňizi göz astyna alarys” diýdiler. Piket üçin Ankaranyň welaýat häkimligine dört gezek arza berdik. Welaýat häkimliginden “Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde nägileligiňizi bildirmäň, piket ýa-da protest gurnamaň. Olar siziň howp abandyrýandygyňyzy bildirdi” diýip, düşündiriş berdiler. Türk işçileri türkmen firmalaryndan zähmet hakyny almaga synanyşýar. Türkmen ilçihanasy näme üçin kömek etmegiň deregine gaýtam bizi ýerli häkimiýetlere şikaýat edip, ýöriş gurnamak hakymyzdan mahrum etdirýärler” diýip, guramaçy Ramazan aýtdy.

Ol özleriniň mundan owal hem protest geçirmek üçin synanşyk edendiklerini, emma türkmen ilçihanasynyň işgärleriniň özlerini Ankara polisiýasyna şikaýat edendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Türkmenistandaky üç gurluşyk firmasyndan 800 müň dollar töwereginde zähmet haky algymyzyň bardygyny we 2 ýyldan bäri bermän, aldap hem güýmäp gelýändigini düşündirdim. Biz arzymyzy iki ýurduň prezidentine ýetirip, kömek soramak isleýändigimizi aýtdym. Türkmen ilçihanasyna eger bize goldaw bermese, protest geçirjegimizi bildirdim, ýagny bu haýbat däl, biziň demokratik hakymyz ahyryn” diýip, Ramazan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Protestçi türk işçileriniň öňbaşçylaryndan Ramazan, bu aýyň ahyryna çenli bir öňegidişlik bolmasa, bu gezek segsene golaý maşgalanyň ähli agzalary bolup protest geçiriljegini aýan etdi.

Ýatlasak, dekabr aýynyň ahyrynda gurluşykçylaryň geçiren piketinden soň 18-nji ýanwarda türk işçileriniň protesti türkmen ilçisiniň töwellasy bilen togtadyldy.

Türk gurluşykçylary Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň işgärleriniň söz beren möhletiniň dowamynda öz problemalary barada bir netije alynmandygyna nägilelik bildirip, 5-nji fewralda gaýtadan has giň gerimli protest geçirmek üçin Türkiýäniň paýtagtynda jemlendi.

Ýöne bolup biljek protest ýörişi barasynda owaldan habardar edilen polisiýa gullugy türk işçileriniň Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde üýşmegine rugsat bermedi.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşanda, ilçihananyň bir işgäri türk işçileriniň arz-şikaýatynyň degişli ýerlere ýetirilendigini, ýagny olaryň indi ilçihanalyk işiniň galmandygyny, mundan beýläk bergili firmalar bilen aragatnaşykda bolmalydygyny aýdypdy.

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG