Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, pakistan resmileri gatnaşyklaryň gowulanmagyna umytly garaýarlar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Pakistanyň täze premýer-ministri bilen geçiren duşuşygyndan soň, iki tarapyň resmileri hem gatnaşyklaryň gowulanmak mümkinçiliklerine umytlylyk bilen garaýandyklaryny mälim etdiler.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Yslamabatda premýer-ministri Imran Khan bilen gepleşikleri geçirdi.

“Men şu gün düýbüni tutan esaslarymyzyň dowamly üstünlik üçin şertleri döretjekdigine umyt edýärin” diýip, Pompeo çykyş etdi.

Şol bir wagtda, Pompeo Waşingtonyň harby hemaýatyny ýaňadandan ýola goýmagy üçin “uzak ýoluň gerek boljakdygyny” hem sözüne goşdy.

Pompeonyň Pakistana eden saparynyň öňüsyrasy, Pentagon Yslamabat üçin niýetlenen 300 million dollarlyk hemaýatyň ýatyrylýandygyny yglan edipdi. Bu Pakistanyň “Talyban” jeňçilerine garşy has aktiw göreşmegi üçin edilen basyş hökmünde häsiýetlendirildi.

XS
SM
MD
LG