Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň ýolbaşçysy Kabula bardy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis, öňünden duýdurman, owgan prezidenti Aşraf Ghani we NATO-nyň Owganystandaky täze kommandiri bilen duşuşmak, şeýle-de “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerini maslahat etmek üçin, Kabula geldi.

2-nji sentýabrda ABŞ-nyň armiýa generaly Skott Miller NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçylygyna bellenipdi.

Şol bir wagtda, “Talyban” hereketini owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrunda tagalla edilýär. Emma, bu ugurdaky işler häzirlikçe möhüm netije bermedi.

Mattis şu hepde žurnalistlere beren interwýusynda, soňky döwür “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň hüjümleriniň ýaýbaňlanmagyna garamazdan, parahatçylyk gepleşiklerine umytly garaýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG