Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwed premýer-ministri saýlawlardan soň, oppozisiýany gepleşiklere çagyrdy


Şwesiýanyň premýer-ministri Stefan Lofwen

Şwesiýanyň premýer-ministri Stefan Lofwen ýurduň parlamentine geçirilen saýlawlarda häkimiýet başyndaky çepçi Sosial-Demokratlar partiýasynyň merkezi-sagçy Allýansdan kiçi ara-tapawut bilen ýeňiş gazanandan soň, oppozisiýany gepleşiklere çagyrdy.

“Hiç kimiň artykmaçlygy alyp bilmändigi aýdyň. Şol sebäpli hyzmatdaşlyk etmegimiz adaty bir zat” diýip, Lofwen öz tarapdarlaryna ýüzlendi.

Soňky netijelere görä, Lowfeniň Sosial-Demokratlary sesleriň 40,6%-ni, oppozisiýadaky Allýans bolsa, sesleriň 40,3%-ni almagy başarypdyr. Migrantlara garşy çykýan aşa-çepçi Demokratlar sesleriň 17,6%-ni alypdyrlar.

Egzit-pollaryň netijelerine görä, ne Sosial-Demokratlar, ne-de Allýans 175 orunlyk parlamentde möhüm köpçülige eýe bolup bilipdirler.

Saýlaw kampaniýasy döwri migrantlar meselesi esasy üns merkezinde boldy. 2015-nji ýylda şwed hökümeti ýurda 163 müň – aglaba owgan we siriýa – migrantlaryny ýurda kabul etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG