Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

YD Kabul hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Ozalky mujaheddin kommandiri Ahmad Şa Massudyň suraty. Arhiw suraty.

“Yslam döwleti” ekstremistik topary Owganystanyň paýtagtynda ozalky mujaheddin kommandiri Ahmad Şa Massudyň hatyra çäresi mahaly janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Ýekşenbe güni motosikletdäki hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde azyndan ýedi adam öldi, başga-da 25-i ýaralandy.

Wakadan birnäçe sagat öň, owgan polisiýasy Masudyň hatyrasyny tutmaga gelenleriň arasynda özüni partlatmagy planlaşdyran hüjümçini atyp öldürendiklerini aýtdylar.

Masud 1980-nji ýyllarda sowetleriň Owganystany okkupasiýa etmegine, şeýle-de 1996-2001-nji ýyllar aralygynda “Talybanyň” häkimiýetine garşy söweşipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG