Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýan: Russiýa Ermenistany ýarag bilen üpjün etmegini dowam eder


Ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýan (çepde) rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Moskwa. 8-nji sentýabr, 2018 ý.
Ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýan (çepde) rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Moskwa. 8-nji sentýabr, 2018 ý.

Russiýa Ermenistany mundan beýläk hem ýaraglar bilen üpjün etmäge razy boldy diýip, ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýan mälim etdi.

Mundan öň, Paşiniýan – rus-ermeni gatnaşyklarynyň ynjyk döwri – Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

“Biz rus ýaraglarynyň üpjünçiligini dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, Paşiniýan žurnalistleriň Putin bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça beren soragyna jogap berdi.

Paşiniýan ýaraglaryň alnan karzlaryň hasabyna tölenjekdigini hem sözüne goşdy. 2017-nji ýylyň noýabrynda Ermenistan Moskwadan ýarag satyn almak üçin, Russiýadan 100 million dollar möçberinde karz aldy.

XS
SM
MD
LG