Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amul-Hazar” rallisine gatnaşyjylaryň arasynda Berdimuhamedowyň ady ýok


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa rallä gatnaşmak üçin gowşurylan şahadatnama.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa rallä gatnaşmak üçin gowşurylan şahadatnama.

Türkmenistanda başlanan "Amul-Hazar 2018" awtorallisiniň gatnaşyjylarynyň arasynda, ozalky berlen habarlara garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady ýok.

Mundan öň, 11-15-ni sentýabr aralygynda Garagum çölüniň içinden Amyderýanyň we Hazar deňziniň aralygyndaky uzynlygy 1 müň 571 kilometrlik giňişlikden geçýän rallä türkmen lideriniň gatnaşjakdygy, bu barada oňa ýörite şahadatnamanyň hem gowşurylandygy habar berlipdi.

Berdimuhamedow krizis döwri, ýene-de ulagda ýaryşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Şeýle-de, türkmen telewideniýesi prezidentiň fransuz sportsmeni Žan-Lui Şlesseriň sowgat beren sport awtoulagyny öz çyzgysy esasynda täzeden gurnap, ogly Serdar bilen Garagumda synagdan geçirişini, bäsleşige taýýarlygyň çäginde öz gurnan maşynynda we başga bir maşynda türgenleşik geçişini görkezipdi.

Galyberse-de, duşenbe güni Lebapda ralliniň başlanmagy mynasybetli geçirilen ýaryşa gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişinde prezident Berdimuhamedow ulagy bilen görünmedi. Ol diňe gatnaşyjylara ýüzlenip, “ak pata” bermek bilen çäklendi.

"Amul-Hazar" awtorallisini geçirmek pikiri prezident Berdimuhamedowa degişlidir. Resmi maglumatlara görä, döwlet baştutany taýýarlyklara hut özi gözegçilik edýär.

Berdimuhamedow awto-inžnerçilik ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Azatlyk Radiosynyň Lebap, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndaky habarçylary we söhbetdeşleri ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan uly ähmiýet berilýän bu halkara çäresine görlen taýýarlyklara agzalan welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň giňden çekilýändigini habar berdiler.

Häzirki wagt Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri awtoralliniň geçjek ýollarynda we olaryň töwerek-daşynda arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerini geçirýärler. Şeýle-de, ýurduň welaýatlarynda medeni, aýdym-saz toparlary ralliniň geçýän ýolunyň ugry boýunça uly şowhun döretmek üçin mejbury çärelere çekilýärler.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, awtorallä görülýän resmi taýýarlyklar ýerli ilat üçin uly kynçylyk döredýär, şol sanda ýollar petiklenýär hem ilatyň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirilýär.

Ralliniň jemleýji tapgyry geçmeli Balkan welaýatynyň häkimiýetleri aýyň 13-15-i aralygynda, ýagny üç günüň dowamynda Türkmenbaşy şäherine barýan ýollaryň ýapyk boljakdygyny duýdurdylar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy bu halkara çäresine görülýän resmi taýýarlyklaryň dowamynda häkimiýetleriň ýük we gurluşyk awtoulaglaryň eýelerinden olaryň hususy ulaglarynyň bu çäre üçin talap edýändigi habar berlipdi.

Türkmen mediasy ralliniň ilatyň durumuşyna ýetirýän täsiri, oňa harçlanan döwlet pullary barada dymyp, munuň deregine “ralliniň Türkmenistanyň häzirki döwürde dünýäde parahatçylygy pugtalyndyrmaga we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjek gatnaşýandygyny bütin halkara jemgyýetine aýdyň görkezýändigini” öňe sürýär.

"Amul-Hazar" awtorallisinde jemi 83 ekipažyň – 21 döwletden 150 töweregi sürüjiniň gatnaýşandygy habar berilýär. Onda Türkmenistandan Içeri işler ministrliginiň awtosport merkeziniň we awtosport boýunça milli federasiýasynyň 15 sany milli topary çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG