Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Amul-Hazar': Lebap, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlary awtoralliniň başlanmagyna garaşýar


Türkmenabat şäheri "Amul-Hazar" awtorallisine taýýarlanýar, 9-njy awgust, 2018.

Türkmenistanda başlanýan "Amul-Hazar 2018" awtorallisine ýurduň Lebap, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bir wagtda uly taýýarlyklar görülýär.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatlardaky habarçylary we söhbetdeşleri ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan uly ähmiýet berilýän bu halkara çäresine görülýän taýýarlyklara agzalan welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň giňden çekilýändigini habar berdiler.

Guramaçylaryň aýdyşyna görä, Garagum çölüniň içinden Amyderýanyň we Hazar deňziniň aralygyndaky uzynlygy 1500 kilometrlik giňişlikden geçýän "Amul-Hazar" awtorallisi 11-15-ni sentýabr aralygynda geçiriler. Ýaryşlara jemi 20 ýurduň 80 çemesi komandasy gatnaşar.

Bu ýaryşlara bäsdeş hökmünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýaryşa Türkmenabatda badalga beriler

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheri 1999-njy ýyla çenli Çärjew adyny göterýärdi. Amul onuň gadymy adydyr.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenabada barandygyny 10-njy sentýabrda habar berdi.

"Türkmenabada prezident geldi diýýärler. Şäher doly gözegçilik astynda. Bitarap Türkmenistan köçesiniň her bir çatrygynda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýadan daşary ýörite gulluklaryň işgärleri hem nobatçylyk edýärler. Şähere myhmanlar hem geldi" diýip, habarçymyz aýtdy we ýaryşa gatnaşjak awtoulaglaryň hem barandygyny belledi.

Onuň habar bermegine görä, halkara ýaryşlaryna badalga bermek dabarasynyň Türkmenabat şäheriniň "Baýdak meýdançasynda" geçirilmegine garaşylýar. Bu meýdança Nyýazow we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň arasynda, şäher häkimliginiň ýanynda ýerleşýär.

"Bir aý bäri bu ýerde emeli galany gurýarlar. Ol golaýda, welaýat keselhanasynyň arka tarapynda ýerleşen taryhy Amul galasyny şekillendirjek ýaly" diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenabadyň bu merkezi meýdançasy häkimiýetleriň ýygy-ýygydan geçirýän köpçülikleýin medeni we syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň berjaý edilýän ýeridir.

"Bu ýerde öňem çäre geçirilýärdi, emma bu gezek bu tutumynyň ululygy bilen has tapawutlanýar" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar. Onuň bellemegine görä, soňky günlerde köçeler ýapylýar, bu ýagdaý sürüjilere we pyýadalara uly kynçylyk döredýär.

"Amul-Hazar" awtorallisine badalga beriljek meýdançanyň deňinden geçýän Bitarap Türkmenistan köçesi tutuş şäheri kesip geçýär, bu ýerde döwlet edaralary, sosial obýektler we ýaşaýyş jaýlar ýerleşýär.

Azatlygyň habarçylary soňky günlerde Türkmenabatda ýerli ýaşaýjylaryň şäheriň köçelerini el bilen ýuwmak işine köpçülikleýin çekilendigini habar beripdi.

"Býujet edaralarynyň işgärleriniň tas ählisi elleri bedreli ýörite himiki serişdeleri ulanmak bilen asfalt ýollaryny ýuwýarlar" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 7-nji sentýabrda gürrüň beripdi.

Daşoguz, Ahal we Balkan rallä taýýarlanýar

Şu günler "Amul-Hazar" ýaryşyna ýurduň ýene üç welaýaty giňden taýýarlanýar. Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri awtoralliniň geçjek ýollarynda we olaryň töwerek-daşynda arassaçylyk we abadanlaşdyrmak boýunça işlerini guramaçylykly berjaý edýärler. Bu regionda ulagly ýaryşyň geçjek esasy nokatlarynyň biri Ahal we Daşoguz welaýatlaryny baglaýan uly ýoluň 230-njy kilometrinde ýerleşýän Derweze atly ýer.

Azatlyk Radiosynyň bu regionlardaky habarçylaryna görä, daşoguzly we ahally gatnaşyjylary köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary we aýdym-sazly çykyşlary berjaý etjek döredijilik toparlary bilen bilelikde bu ýerde awtobuslar bilen guramaçylykly gatnadýarlar.

Mundan öň awtoralliniň dowamynda göz öňünde tutulýan çärelere ýurduň her welaýatyndan 7000 çemesi adamyň gatnaşdyryljagy habar berlipi.

Geçen anna güni býujet işgärlerini köneje awtobusly çöle äkitdiler, olar ýolda döwlüp, ýüzlerçe adam gije çölde galdy

Daşoguzly habarçymyzyň aýtmagyna görä, köplenç köne awtobuslar ulanylýar we olar döwlüp, adamlaryň çölde galýan pursatlary ýüze çykýar.

"Geçen anna güni býujet işgärlerini köneje awtobusly çöle äkitdiler, olar ýolda döwlüp, ýüzlerçe adam gije çölde galdy. Üstesine, ýol gözegçilik inspeksiýasynyň tas ähli işgäri howpsuzlygy üpjün etmek üçin awtoralliniň geçjek ýerine çöle ugradyldy" diýip, 10-njy sentýabrda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy gürrüň berdi.

Awtoralliniň göz öňünde tutulan iň soňky nokady Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän Galkynyş obasydyr.

Türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Galkynyşyň, Türkmenbaşy şäheriniň şeýle-de aralykdaky ýollaryň arassaçylygyny we tämizligini gyssagly üpjün edýärler we bu işlere býujet işgärlerini çekýärler. Bu regionda hem awtoralli sebäpli ýollar ýapylýar.

"Türkmenbaşynyň ýaşaýjylaryna, şeýle-de golaýdaky ýaşaýyş punktlarynyň ilatyna 13-den 15-ne çenli üç günüň dowamynda Türkmenbaşy şäherine barýan ýollaryň doly ýapyk boljagyny duýdurdylar, bu "Amul-Hazar" awtorallisiniň jemleýji tapgyry bilen bagly" diýip, Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Halkara awtorallisiniň guramaçylarynyň öň mälim etmegine görä, ulagly ýaryşa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we awtosport boýunça milli federasiýasynyň 15 komandasynyň gatnaşmagyna garaşylypdy. 9-njy sentýabrda türkmen metbugaty Türkmenistandan 12 sany komandanyň çykyş etjegini habar berdiler.

​"Amul-Hazar 2018" awtorallisini geçirmek ideýasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli. Mundan öň türkmen telewideniýesi birnäçe gezek döwlet baştutanynyň ýokary tizlikde awtoulag sürüşini, pellehana birinji bolup gelişini we hatda professional ussatlardan üstün çykyşyny görkezipdi.

Berdimuhamedow krizis döwri, ýene-de ulagda ýaryşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

XS
SM
MD
LG