Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň günortasyndaky hüjümde azyndan sekiz adam öldi


Jalalabatdaky gyzlar mekdebiniň öňüne edilen goşa bomba partlamasynda ýaralanan çaga. 11-nji sentýabr, 2018 ý.

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan sekiz adam öldi diýip, ýerli resmiler aýdýarlar. Ýöne käbir beýleki maglumatlarda ölen adamlaryň sanynyň 20-den geçýändigi habar berilýär.

Jalalabad şäheri bilen ýurduň Pakistan bilen esasy serhet geçelgesiniň arasyndaky gara ýolda amala aşyrylan bomba hüjüminde başga-da 23 adam ýaralandy diýip, Nangarhar welaýat häkiminiň metbugat wekili Attaullah Hogani aýtdy.

Welaýat Geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderi wakada ýaralanan ýa-da ölen azyndan 45 adamyň keselhana alnyp gidilendigini aýdyp, olaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini belledi.

Reuters habar agentligi resmilere salgylanyp, hüjümde azyndan 22 adamyň ölendigini habar berdi. AP habar agentliginiň maglumatynda ölenleriň sanynyň 20-den geçýändigi aýdyldy.

Ýerli resmiler hüjümde ýerli polisiýa komandirine garşy geçirilýän protest çäresiniň nyşana alnandygyny aýtdylar.

Jalalabatdaky gyzlar mekdebiniň öňüne edilen goşa bomba partlamasyndan sanlyja sagat soň amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Mekdebiň öňüne edilen hüjümde bir oglan öldi we başga-da dört adam ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG