Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny howpsuzlyk sebäpli salmaýar


Täjigistanyň ýük ulaglary türkmen-eýran serhedinde, 3-nji sentýabr 2018.
Täjigistanyň ýük ulaglary türkmen-eýran serhedinde, 3-nji sentýabr 2018.

Türkmenistanyň üstünden tranzit bilen Täjigistana barýan ýük ulaglary türkmen serhedinden howpsuzlyk sebäpli geçirilmeýär. Bu barada türkmen tarapynyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine ugradan resmi hatynda aýdylýar.

Täjigistanyň Transport ministrligindäki çeşmäniň 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna (Radio Ozodi) aýtmagyna görä, bu hatda Türkmenistanyň serhedinde, şeýle-de, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awtoulaglarynyň garaşyp durandygy habar berlipdir. "Bu ýurduň häkimiýetleri neşe trafiginden aladalanýarlar, şonuň üçin olar bu çäräni ulanmaly bolupdyrlar" diýip, çeşme aýtdy.

Türkmen-özbek serhedindäki geçelge
Türkmen-özbek serhedindäki geçelge

Türkmenistanyň Täjigistana ugradan resmi hatynda ulanan bu formulirowkasynyň nämäni aňladýandygy, neşe gaçakçylygynda Täjigistanyň raýatlarynyň tutulyp-tutulmandygy we iň esasy mesele - onlarça awtoulaga serhetden geçmäge haçan rugsadyň beriljegi mälim edilmedi.

Eýranyň kompaniýalarynyň biriniň wekilleri 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolup, geçen hepdede 20 çemesi täjigistanly ýük ulag sürüjisiniň Eýranyň üstünden geçmäge we Tähran-Duşenbe reýsi bilen öz watanyna uçarly dolanmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdiler.

Eýran gatnaşygym ýok diýýär

2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler. Olar Türkmenistanyň territoriýasyna özleriniň goýberilmezliginiň sebäbini bilmeýärler. Sürüjileriň maglumatyna görä, eýran-türkmen serhedinde Täjigistana barýan onlarça ýük ulagy geçip bilmän dur. Türkmenistanyň gümrügi tranzit gadagançylygyny kommentirlemedi.

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny "geçirmeýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:42 0:00

Geçen hepdede eýran resmileri serhetde dörän bu ýagdaýa özleriniň gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdylar. Horasan-Rezawi welaýatynyň gümrük resmisi Umed Jahanhah "Lýutfabad" serhet geçelgesinde täjik ulaglarynyň tranzitine Eýran tarapyndan päsgel döredilmändigini 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

"Bir hepde mundan öň Türkmenistan Täjigistana barýan ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan tranzitini gadagan etdi. Ulaglar "Lýutfabad" barlag-geçiş punktundan yzyna dolanmaga we Eýranyň demirgazyk-günbatar serhetlerine gitmäge mejbur boldular" diýip, eýran resmisi aýtdy.

​"Alternatiw ýollary ulanyň"

Täjigistanyň Transport ministrligi ulag sürüjilere Täjigistana aşmak üçin alternatiw ýollary ulanmagy maslahat berdi. Sürüjilere Eýranyň we Azerbaýjanyň serhetleriniň üstünden, soň Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden alternatiw ýollar bilen Täjigistana aşmak teklip edildi.

Bu ýol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan ýolundan ençeme esse uzak bolýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň serhetlerinden täjigistanly awtoulaglary geçirmezliginiň sebäpleri barada köpçülige düşündiriş bermedi. Bu mesele dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Döwlet gümrük gullugy resmi kommentariý bilen çykyş etmedi, öz websaýtlaryna resmi düşündiriş çap etmedi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurdy regionyň esasy tranzit merkezleriniň birine öwürmek maksadyny yzygiderli yglan edýärler. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda ýurtda başlanan "Amul-Hazar 2018" awtorallisiniň guramaçysy fransuz sportsmeni Žan Lui Şlsser bilen geçiren duşuşygynda ýurduň global tranzit we transport sistemalarynyň ösdürilmeginde möhüm rol oýnaýandygyny ýene bir gezek nygtady.

Awtoulaglaryň serhetden geçip bilmän duran wagtynda türkmen tarapy iki hepdeläp serhetde duran demirýol wagonlarynyň tranzitine rugsat berdi.

Otly
Otly

6-njy sentýabrda Täjigistanyň demirýol edarasyndaky çeşme Täjigistana barýan 150 çemesi demirýol wagonynyň Türkmenistanyň serhedini kesip geçendigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy. Ol türkmen kärdeşleriniň ýazan hatynda transportyň tranzitinde dörän problemalaryň ýurduň içerki kynçylyklary bilen baglydygyny mälim edendigini belledi.

XS
SM
MD
LG