Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk aňtawçylary 2013-nji ýyldaky hüjümiň esasy şübhelisini tussag etdiler


Türkiýäniň Reýhanly şäherçesindäki türk ýaragly güýçleri we ýoluň gyrasynda duran çaga
Türkiýäniň Reýhanly şäherçesindäki türk ýaragly güýçleri we ýoluň gyrasynda duran çaga

Türk aňtaw agentleri 2013-nji ýyldaky ýowuz bomba hüjümi bilen ilteşikli gözlenýän adamy tussag etdiler we ony soraga çekmek üçin Türkiýä getirdiler diýip, 12-nji sentýabrda türk media serişdeleri habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkiýäniň Milli aňtaw edarasy (MIT) türk raýaty Ýusuf Nazigi Siriýanyň Latakia şäherinde tutup, Türkiýä getirdi.

Onuň haçan tussag edilendigi baradaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylmady.

Nazik Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyndaky Reýhanly şäherçesinde iki sany ulagly bomba hüjümini guramalaşdyrmakda we planlaşdyrmakda güman edilip, Türkiýäniň Milli aňtaw edarasy tarapyndan gözlenýärdi.

Türkiýe bu bomba hüjümlerini amala aşyrmakda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini we onuň ýaran toparlaryny aýyplapdy.

“Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, deslapky sorag etmelerde Nazik hüjümiň arkasynda özüniň durandygyny “boýun alyp”, onuň Siriýa režiminiň tabşyrygy esasynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG