Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB rus sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy


ÝB-niň baýdagynyň öňünden geçip barýan bir adam.

Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň garaşsyzlygyny howp astyna salmagy sebäpli 155 rus we ukrain raýatyna, şeýle-de 44 kompaniýa garşy girizilen syýahat gadagançylygyny we emläkleriniň doňdurylmagyny ýene-de alty aý möhlet bilen uzaltdy.

Sanksiýalar ilki başda 2014-nji ýylyň martynda, haçanda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan soň girizilipdi.

Sanksiýalar her alty aýdan uzaldylýar.

Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky hereketleri we separatistleri goldamagy netijesinde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300 töweregi adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG