Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Pariž polisiýasyny ilçihanasyna edilen hüjüme wagtynda gaýtawul bermezlikde aýyplady


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Kasemi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Kasemi

Eýran Parižiň polisiýa işgärlerini özüniň fransuz paýtagtyndaky ilçihanasyna kürt aktiwistleri tarapyndan gurnalan hüjüm diýýänine çalasyn gaýtawul bermezlikde aýyplady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi 15-nji sentýabrda bu diýilýän hüjümiň bir gün öň bolup geçendigini, “birnäçe adamyň tussag edilendigini” tassyklady.

“Fransuz hökümeti Eýranyň bu ýurtdaky diplomatik missiýalaryny goramak üçin zerur bolan ähli çäräni görmeli” diýip, ministrligiň sözçüsi Bahram Kasemi IRNA habar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Gynansak-da, fransuz polisiýasy wakanyň bolan ýerine çalt, öz wagtynda gelmedi, ýogsa hüjümçiler terrorçy guramanyň agzalarydy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýarym resmi “Fars” habar gullugy 15 çemesi kürt aktiwistiniň ilçihananyň öňünde eýran baýdagyny otlandygyny we ilçihananyň äpişgelerini daşlap, penjire aýnalarynyň käbirini döwendigini habar berdi.

“Roýters” habar gullugy Pariž polisiýasynyň ilçihanada bolan hadysany tassyklandygyny, emma özleriniň gaýtawul beriş tizligi babatdaky soraga düşündiriş bermekden saklanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG