Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erbil türkmenleri Kürdistan sebitinde geçiriljek mejlis saýlawlaryndan nämä garaşýar?


Erbilli türkmenler
Erbilli türkmenler

Bilinşi ýaly, 30-njy sentýabrda Yragyň Kürdistan özygtyýarly sebitiniň mejlisiniň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara Yragyň Kürdistan özygtyýarly sebitinde ýaşaýan türkmenler hem işjeň gatnaşyp, 111 orunly mejlisde türkmenlere beriljek 5 orna öz dalaşgärlerini saýlamaga synanyşarlar.

Mejlisde türkmenlerden başga haçparaz azlyklara 5, ermenilere 1 orun berilýär.

Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna bildirmegine görä, amerikaly bir gurama mundan bir aý owal sebitde ýaşaýan türkmenleriň arasynda saýlawlarda kime ses berjekleri barasynda pikir soralşyk geçiripdir. Şonda türkmenleriň ýüzden 56,6 göterimi Erbil türkmen sanawyna, ýüzden 19 göterimi hem YTF-na, galanlarynyň hem beýleki syýasy toparlara ses berjegini bildiripdir.

Eýsem, bu saýlaw ol ýerde ýaşaýan etniki türkmenler üçin nähili ähmiýete eýe? Saýlawlara türkmenler nähili taýýarlyk görýärler? Erbilde türkmenler bu saýlawdan nämä garaşýar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Yragyň Kürdistan özygtyýarly sebitinde ýaşaýan türkmenleriň syýasy aladalaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňiz bilen garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Yrak: Erbil türkmenleri Kürdistan sebitinde geçiriljek mejlis saýlawlaryndan nämä garaşýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:56 0:00

XS
SM
MD
LG