Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýanyň gündogarynda aşa-sagçy demonstrantlar ýöriş geçirdiler


Koethende aşa-sagçy demonstrantlara garşy çykýan protestçiler wokzalyň töwereginde ýygnanýarlar. 16-njy sentýabr, 2018 ý

Germaniýanyň Koethen şäherinde müňe golaý aşa-sagçy demonstrant ýurduň migrantlar babatyndaky syýasatyna garşy protest geçirdiler. Ýörişe müňe golaý polisiýa we bu protestlere garşy çykýan 500 töweregi demonstrant gözegçilik etdi.

Migrantlara garşy protestçiler “Watançylyk bu jenaýat däl”, “Frau Merkel, indi ýeterlik. Gitmäge wagt boldy” diýen ýazgyly plakatlary hem göterdiler.

Kansler Angela Merkeliň tankytçylary ýurduň migrantlar babatyndaky syýasaty netijesinde, ýurda Owganystandan, Siriýadan, Yrakdan we Afrika döwletlerinden migrantlaryň gelmegi bilen gazaplylygyň artandygyny aýdýarlar.

Polisiýa Koethen şäherindäki protestleriň parahatçylykly geçendigini aýtdylar.

Soňky hepdelerde Germaniýanyň gündogarynda aşa-sagçylaryň birnäçe ýörişleri geçirilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG