Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende täze çaknyşyklar boldy


Ýemen hökümetiniň tarapynda göreşýän söweşiji. Arhiw suraty.
Ýemen hökümetiniň tarapynda göreşýän söweşiji. Arhiw suraty.

Ýemeniň Gyzyl deňizdäki port şäheri Hodeida radio stansiýa amala aşyrylan howa hüjüminde dört adam öldi. Bu barada ýerli ýaşaýjylar we saglyk resmileri maglumat berýärler.

Bu aralykda, BMG-niň ilçisi Martin Griffiths halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadi bilen Eýranyň goldaýan Huthi hereketiniň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek üçin, jeňçileriň gözegçiligindäki paýtagt Sanaa geldi. Huthi hereketi 2014-nji ýylda Hadini häkimiýetden çetleşdiripdi.

Geçen hepde Ženewada BMG-niň howandarlygyndaky parahatçylyk gepleşikleri netije bermäninden soň, saudylaryň ýolbaşçylygndaky koalisiýa tarapyndan goldanylýan ýemen güýçleri Hodeidan paýtagt Sanaa barýan esasy magistralyň gözegçiligini öz ellerine geçirdiler.

Geçen şenbeden bäri Ýemendäki çaknyşyklarda azyndan 32 jeňçi öldürildi, başga-da 14-si ýaralandy.

XS
SM
MD
LG