Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda öý bikesini pyçaklap öldüren, gyzyny zorlan dört daşoguzly işçi tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde öý bikesini pyçaklap öldüren we onuň gyzyny zorlan dört daşoguzly işçi tussag edildi we olaryň sud diňlenişikleri geçirildi diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy aýdýar.

Belläp geçsek, Hazar (öňki Çeleken – red.) şäherinde gurluşyk işgärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik 17 ýaşly bir gyzy zorlap, onuň ejesini pyçaklap öldürendigini, Türkmenistandaky ýagdaýlardan habarly çeşmämiz polisiýa gulluklarynyň işgärine salgylanyp, 25-nji iýulda habar beripdi. Şonda çeşmämiz şol işçileriň sanynyň bäşe barabardygyny aýdypdy.

“Balkanda gyz zorlap, gyzyň ejesini öldüren dört sany raýatyň sudy Çeleken etrap kazyýetinde boldy. Olaryň her biri aýry-aýrylykda 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olar tussaglyk möhletiniň 8 ýylyny berk gözegçilikde saklanýan kaloniýada oturmaly edilipdir” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz aýtdy.

Habarçymyz çelekenli bir aýalyň hususy jaýlary rejelemek işlerini, ýagny “remont” etmäge gelen gurluşykçylara “hojalyk işini buýuryp, soňra-da bu adamlara zähmet hakyny tölemändigini”, netijede olaryň arasynda dawa-jenjeliň dörändigini aýdýar.

“Aýal “özi azajyk iş, şuňa-da pul bolarmy?” diýýär. Muňa ussalaryň gahary gelip, hakyny talap edýärler. Şeýlelikde, aýal erkekleri ýakalap, howlusyndan kowmakçy bolanda, Daşogzuň Boldumsaz etrabynyň Galkynyň obasynyň ýaşaýjysy golaýda duran aşhana pyçagyny alyp, aýaly 4-5 sapar teninden pyçaklaýar. Aýal şol ýerde aradan çykýar. Erkek adamlar onuň gyzyny hem urýarlar. Ony tiz kömegiň ýörite dikuçarynda Aşgabadyň Tiz kömek merkezine alyp gidýärler we ol şol ýerde aman galýar” diýip, habarçymyz belledi.

Şeýle-de, ol dört işçiniň ählisiniň asly daşoguzlydygyny we olaryň ählisiniň maşgalasynyň we çagalarynyň bardygyny aýdyp, “gurluşykçylaryň üçüsi Balkan welaýatynyň Çeleken etrabynyň ýaşaýjysydy, dördünjisi bolsa Daşoguzda hemişelik ýazgyda durýardy” diýdi.

Habarçymyz bu jenaýat amala aşyrylandan bäri Hazar şäherine welaýatlardan iş gözleginde barýan raýatlaryň goýberilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Belläp geçsek, mundan iki aýa golaý wagt ozal Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi jenaýaty amala aşyrandygy aýdylýan adamlaryň Hazar şäherindäki bir hojalyk bilen olaryň jaýyny rejelemek üçin dilden şertnama baglaşandygyny gürrüň beripdi.

Çeşmämiz gurluşykçylaryň remont edýän jaýlarynyň maşgalabaşysy, ýagny öldürilen aýalyň adamsy bilen oturyp spirtli içgi içendigini we içgi gutarandan soň, olaryň pul çykaryşyp, öý eýesini arak almaga ugradandygyny we şondan soň jenaýatyň amala aşyrylandygyny aýdypdy.

“Maşgalabaşy öýden çykan badyna, yzda galan işçiler öýüň 17 ýaşly gyzyny çola otaga çekip başlaýar. Muny gören öý bikesi, gyzyny halas etmek üçin olaryň arasyna düşýär. Jenaýatda güman edilýänler öý bikesini şol ýerde pyçaklap öldürýärler. Soňra, bäş daşoguzly işçiniň hemmesi 17 ýaşyň içindäki gyz bilen jynsy gatnaşyga girýär. Öý eýesi gelmänkä-de işçiler dargaýar” diýip, çeşmämiz gürrüň beripdi.

Şonda ol polisiýanyň geçiren gözleg işleri netijesinde jenaýaty amala aşyrmakda güman edilýän iki adamyň tutulandygyny, ýöne galan üçüsiniň häzirlikçe ele salynmandygyny belläpdi.

Azatlyk Radiosy bu jenaýat işi dogrusynda Çeleken etrap kazyýeti, Hazar şäheriniň polisiýa departamenti we Balkan welaýat polisiýasy bölümi bilen habarlaşanda, bu barada kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda edilýän jenaýatlaryň sany boýunça statistiki maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmeýärler. Hatda 5-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem, ýurtda jenaýatyň derejesi, onuň peselýändigi ýa-da köpelýändigi barada hiç bir maglumat berilmedi.

Türkmenistanda edilýän jenaýatlar, hatda iň bärkisi ýol hadysalary ýa-da tebigy betbagtçylyklar barada ýurduň media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Şu ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji mekdebinde ýokary klas okuwçylaryň arasynda bolan pyçaklaşmada öldürilen okuwçy barada maglumat taýýarlady.

Aprel aýynda bolsa, Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylaryndan ybarat garakçylar toparynyň üstüniň açylandygyny, olaryň birnäçe aýyň dowamynda adamlary talap gelendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG