Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň täze premýer-ministri bosgunlaryň çagalaryna raýatlygy berjekdigini aýdýar


Pakistanda 250 müň töweregi bengal bosguny ýaşaýar.

Pakistanyň täze premýer-ministri owgan we bengal bosgunlarynyň ýurtda doglan çagalaryna raýatlygy berjekdigini aýtdy. Gürrüňi gidýän bosgunlaryň aglabasy Pakistanda onlarça ýyl bäri ýaşaýarlar.

Imran Khan Pakistanda ýüzlerçe müň owganlylaryň we bangladeşlileriň göz öňünde tutulan sosial mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmeýändiklerini belledi. Ol dokumentleşdirilmedik bosgun çagalarynyň zerur bilimi alyp bilmeýändigini, şol sebäpli iş tapman jenaýata baş goşýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Pakistanda resmi taýdan 1.4 million owgan bosguny hasaba alyndy. Şeýle-de, ýurtda 250 müň töweregi bengal bosguny ýaşaýar.

BMG Imran Khanyň beýanatyny gowy garşylady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG