Günorta we Demirgazyk Koreýa liderleri özleriniň taryhy duşuşyklar tapgyryny Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaragsyz zona öwürmeklige çalyşmak barada ylalaşyga gelendiklerini aýdyp tamamladylar.
18-nji sentýabrda Phenýanda geçirilen metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un özüniň ýakyn geljekde Günorta Koreýa sapar etjekdigini aýtdy.
Eger bu başa barsa, bu Demirgazyk Koreýanyň lidreriniň ýarymada ençeme onýyllyk öň iki bölüneli bäri, şunuň ýaly birinji sapary bolar.
Günorta Koreýanyň lideri Moon Jae-in bolsa žurnalistlere Kim bilen özüniň raketa motorlarynyň synag edilýän ýerini sökmek we inspektorlaryň gelip görmeklerine ýol açmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Bu Moon bilen Kimiň arasynda şu ýylda bolan üçünji duşuşykdyr. Biraz öň iki ýurduň goranmak ministrleri duşuşyp, ýarymadadaky dartgynlyklary azaltmaga gönükdirilen harby ylalaşyga gol çekdiler.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!