BMG-niň komiteti “Alyp gaçmak medeniýeti, mejbury nika” sebäpli Gyrgyzystany tankyt edýär.
BMG-niň aýallara garşy kemsitmäni aradan aýyrmak baradaky komiteti Gyrgyzystany “alyp gaçmak medeniýeti, aýal zorlamak we mejbury nika” sebäpli adam hukuklarynyň yzygiderli ýagdaýda bozulmagyna ýol bermekde aýyplaýar.
Iki sany komitet agzasynyň ikiçäk söhbetdeşlikler esasynda geçiren derňewleri 14 sany hukuk goraýjy gurama Bişkegi gelinlik ogurlanlara “göz ýummakda” aýyplandan soň başlandy.
Bu hasabat 18-nji sentýabrda, Ženewada çap edildi. Hasabatda aýdylmagyna görä, pidalaryň adalat agtarmaklaryna kanuny sowatsyzlyklary bilen bir hatarda wezipeli adamlaryň köpüsiniň bu meselede eýeleýän nädogry pozisiýalary kän bökdençlik döredýär.
BMG-niň komiteti Gyrgyzystany bu meseledäki kanunçylygyny has berkitmäge, adam ogurlan we jynsy zorluk eden jenaýatçylary derňemäge hem-de kanun esasynda jezalandyrmaga çagyrdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!