Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň saýlaw häkimiýetleri galplyga bulaşan regional saýlawlaryň netijelerini ret etdi


Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa
Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Primorýe ülkesiniň saýlaw häkimiýetleri 20-nji sentýabrda, ýurduň baş saýlaw resmisi onuň “düýpli bidüzgünçilklerden” doly bolandygyny aýdanyndan soň, dawaly gubernator saýlawlarynyň netijelerini ret etdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa 19-njy sentýabrda, Kommnistler partiýasy ses sanaşlykda Kreml tarapyndan goldanylýan kandidatyň haýryna galplyk edilendigini öňe sürenden soň, region häkimiýetlerine Primorýe ülkesinde geçirilen çekeleşikli gubernator saýlawlarynyň netijelerini bikanun hasaplamagy maslahat berdi.

Pamfilowa ses sandyklarynyň öňünden doldurylmagy, sesleri satyn almak, adamlary ses bermäge mejbur etmek, ses sanalanda galplyga ýüz urmak ýaly düzgün bozmalara ýol berlendigini aýtdy.

Bu Orsýetde gaýtadan, iki bäsdeşiň arasynda geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň, media maglumatlaryna görä, 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýatyrylmagy bolup durýar.

Täze saýlaw üç aý içinde geçiriler.

XS
SM
MD
LG