Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda musulmanlara üç gezek 'talak' diýip, aýalyndan aýrylmak gadagan edilýär


Hindisatan. Eid al-Fitr namazlaryna gatnaşýan musulmanlar. Srinagar. 6-njy iýul, 2016.
Hindisatan. Eid al-Fitr namazlaryna gatnaşýan musulmanlar. Srinagar. 6-njy iýul, 2016.

Hindistanyň hökümeti yslam dinindäki çalt nika bozmak praktikasyny üç ýyla çenli türme jezasy bilen jezalandyrylýan jenaýat hasaplamak barada buýruk çykardy.

19-njy sentýabrdaky karara hökümetiň parlamentden tassyknama alyp bilmezligi netijesinde gelindi.

Ýogsam bolmasa ýurduň Ýokary sudy bir ýyl öň erkeklere diňe üç gezek “talak” sözüni aýtmak bilen aýalyndan aýrylmaga rugsat berilmegi musulman aýallaryň konstitusion hukuklarynyň bozulmagy bolýar diýen karara geldi.

Hökümetiň buýrugy üç gezek talak diýip aýrylyşmaga göni gadaganlyk girizýär. Hindistanyň parlamentiniň aşaky öýi dekabrda bu praktikany bikanun hasaplaýan kanun taslamasyny kabul etdi, emma ol parlamentiň ýokarky palatasyndan geçmän galdy we hökümetiň şeýle buýruk çykarmagyna sebäp boldy.

Ol indi, prezidentiň tassyklamagy bilen, kanuna öwrülmeli. Hindistandaky 170 million musulmanyň aglabasy maşgala meselelerinde we dawalarda musulmanlaryň hususy hukuklaryndan ugur alýar.

XS
SM
MD
LG