Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň saýlaw resmileri galplyga gaplanan regional saýlawlaryň netijelerini ýatyrdy


Kommunistik partiýanyň kandidaty A.Işçenko özüniň ses berişlikde ýeňiji diýip yglan edilmelidigini aýtdy.

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Primorýe ülkesiniň saýlaw häkimiýetleri 20-nji sentýabrda, ýurduň baş saýlaw resmisi onuň “düýpli bidüzgünçilklerden” doly bolandygyny aýdanyndan soň, dawaly gubernator saýlawlarynyň netijelerini ret etdi.

Primorýäniň saýlaw komissiýasy 20-nji sentýabrda, kommunistler Kreml tarapyndan goldanylýan kandidatyň peýdasyna soňky pursatlarda galplyk edilendigini öňe sürenden soň,regionda geçirilen çekeleşikli saýlawlaryň netijelerini ýatyrmagyň peýdasyna ses berdi. Komissiýanyň bir agzasy bu teklibe garşy ses berdi.

Bu Orsýetde gaýtadan, iki bäsdeşiň arasynda geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň, media maglumatlaryna görä, 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýatyrylmagy bolup durýar.

16-njy sentýabrda geçirilen we netijeleri ýatyrylan saýlawlaryň deregine üç aý içinde täze saýlaw geçiriler.

Iki kandidatyň arasyndaky bäsleşik soňky pursatlarynda, 17-nji sentýabr güni irden jemleýji ses sanaşlyk wagtynda dawa-jenjele ýazdy we Uzak Gündogar sebitinde dartgynlyklaryň ýokarlanmagyna getirdi.

Has anygy, ses sanaşlygyň jemleýji we soňky minutlarynda Kremliň kontrollygyndaky Birleşen Orsýet partiýasynyň kandidaty, iş başyndaky gubernator Andrei Tarasenko birden communist garşydaşy Andreý Işçenkony tozana garyp, ses almakda görnetin öňe çykdy.

Primorýäniň saýlaw komissiýasynyň başlygy Tataýna Gladkih 20-nji sentýabrda bu ýagdaýda alnan netijeleriň halkyň isleglerini näderejede aňladýandygyny kesgitlemegiň kyndygyny, şu sebäpden kandidatlaryň hiç birini saýlanan diýip yglan edip bilmejekdiklerini aýtdy.

Tarasenko rus metbugaty bilen söhbetdeşlikde täzeden saýlaw geçirmek barada gelnen kararyň “adalatlydygyny” aýtdy we “bu ýerde örän köp şikaýatyň bolandygyny” belledi.

Emma muňa garamazdan, Işçenko bu karardan suda şikaýat etjekdigini, sebäbi özüniň hakyky ses berişlik netijelerinde ýeňiji diýip yglan edilmelidigini aýtdy.

Kommunistik partiýanyň lideri Gennadiý Zýuganow jenaýat derňewiniň geçirilmegine çagyrdy we bu meselä özüniň seretmegini sorap, rus prezidenti Wladimir Putine ýüz tutdy. Şeýle-de ol, eger bu meselede öňegidişlik bolmasa, 22-nji sentýabrda tutuş ýurt boýunça protest aksiýasyny gurnamagy wada berdi.

Onuň goldawçylarynyň ýüzlerçesi eýýäm 17-nji sentýabrda, Primorýäniň paýtagty Wladiwastokda proteste çykdy.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa Moskwadan regional saýlaw komissiýasynyň gelen kararyny gutlap, “bu ýagdaýdan çykmak üçin başga çykalganyň galmandygyny” aýtdy.

Ella Pamfilowa 19-njy sentýabrda, Kommnistler partiýasy ses sanaşlykda Kreml tarapyndan goldanylýan kandidatyň haýryna galplyk edilendigini öňe sürenden soň, region häkimiýetlerine Primorýe ülkesinde geçirilengubernator saýlawlarynyň netijelerini bikanun hasaplamagy maslahat berdi.

Ol ses sandyklarynyň öňünden doldurylmagy, sesleri satyn almak, adamlary ses bermäge mejbur etmek, ses sanalanda galplyga ýüz urmak ýaly düzgün bozmalara ýol berlendigini aýtdy.

Şeýle-de ol galplyk sebäpkärleriniň jogapkärçilige çekilmelidigini aýdyp, saýlaw resmilerini “haýran galdyrdy”.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow Kreml adminstrasiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň pozisiýasyny goldaýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG