Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif girew astynda türmeden boşadyldy


Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif öýüne geldi. Lahore, 19-njy sentýabr, 2018.
Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif öýüne geldi. Lahore, 19-njy sentýabr, 2018.

Şikaýat sudy türme korrupsiýa aýyplamalary esasyndaky tussaglyklaryny togtatmaly edeninden soň, Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif, onuň gyzy we giýewisi türmeden boşadyldy.

Şarif, Marýam Nawaz we Mohammad Safdar 19-njy sentýabr güni giçlik garnizon şäher Rawalpindiniň Adiala türmesinden boşadylyp, aeroporta getirildi diýip, resmiler aýtdylar.

Telewizion kadrlary Şarifiň käsi ýoluna gül baldaklaryny sepýän, beýlekileri baýdak galgadýan we şygara gygyrýan goldawçylarynyň ullakan üýşmeleňiniň içinden, howpsuzlyk ulagynda alnyp geçilişini görkezdi.

Yslamabadyň Ýokary sudy biraz öň olary girew astynda, şikaýat diňlenişiklerine çenli azatlyga goýbermek barada karar çykardy.

Sud ol üç adamyň her birine 500,000 rupiýe ($4,000) girew goýmagy buýurdy.

Sud jaýynyň daş işiginde garaşyp duran onlarça goldawçysy bu karar yglan edilenden soň,Şarifiň adyny tutup, “Premýer-ministr Nawaz Şarif” diýip gygyryşdy.

“Bu günki karar dalat üçin ýeňiş boldy” diýip, ozalky daşary işler ministri Khawaja Asif aýtdy.

Ýene bir öňki ministrAhsan Ikbal bolsa žurnalistlere “sud öç almaga esaslanýan hökümi togtatdy” diýdi.

Emma muňa garamazdan, senator, premýer-ministr Imran Hanyň ýarany Jawed Faisal suduň diňe Şarifiň we onuň maşgala gazalarynyň tussaglygyny togtadandygyny, olary aklamandygyny aýtdy.

"Olaryň goldawçylarynyň häzirden beýle şatlanmagy artykmaç, sebäbi bu adamlaryň ýene Adiala türmesine gaýdyp barmagy ahmal” diýip, Faisal aýtdy.

Bu işiň prokurorlary, hasabatlylygyň milli býurosy özleriniň bu kararyň üstünden ýurduň Ýokary sudunaşikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG