Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmak ‘howpy’ barada duýdurdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň gowşadylmak howpy dogursynda aladasyny bildirdi.

Poroşenko Ukrainanyň içerki we daşarky syýasaty babatynda eden ýyllyk çykyşynda Moskwanyň basyp alan Krym ýarymadasynyň yzyna, ýagny Ukraina berilmezden gadagançylyklaryň gowşadylmagy halkara hukukynyň ýeňilişi boljakdygyny duýdurdy.

“Biz Russiýa basyş etmek üçin girizilen sanksiýalary gowşatmak boýunça ediljek islendik synanyşyklara garşy çykarys” diýip, Poroşenko Werhownaýa Radada eden çykyşynda belledi.

Moskwanyň 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyny basyp almagy we Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy netijesinde, ABŞ, ÝB we beýleki ýurtlar Russiýa garşy sanksiýalary girizipdiler.

Ukrainanyň gündogarynda Kreml tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda, 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300 töweregi adam öldi.

XS
SM
MD
LG