Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp BMG-de ‘Eýran, Srkipal meseleleri barada çykyş eder’


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda BMG-ni Baş Assambleýasynda çykyş edýär.

Prezident Donald Tramp öňümizdäki hepde BMG-de etjek çykyşynda Eýran, Angliýada Skripallaryň zäherlenmegi, himiki ýaraglar we Demirgazyk Koreýa barada gürrüň eder diýip, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Halleý mälim etdi.

“[Eýran] babatynda çynlakaý gürleşmäge wagt geldi. Siz prezidentiň bu barada Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etjekdigini görersiňiz” diýip, Halleý Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

“Men Howpsuzlyk Geňeşiniň bu maslahatynyň iň köp tomaşa edilen mejlisi boljakdygyna ynanýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.

Tramp 25-nji sentýabrda 193 agzalyk Baş Assambleýanyň resmi açylyş dabarasynda, şeýle-de ertesi gün Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana, Siriýadaky himiki ýaraglaryň ulanylmagyna we Britaniýa bagyşlanan maslahatynda çykyş eder.

“Eýran babatynda ol yza çekilmek barada pikir etmeýär. Ol biziň ünsümiziň mundan sowulmaly däldigini aýdýar. Ol bularyň howpludygyny çaklaýar. Ol bu babatda meseleleriň bardygyny we halkara jemgyýetçiliginiň bulary hasaba almalydygyny aýdýar” diýip, Halleý belledi.

Maý aýynda Tramp 2015-nji ýylda Eýranyň dünýäniň iri alty döwleti bilen baglaşan Ýadro ylalaşygyndan çykdy. Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, Tähranyň özüniň ýadro programasyndan el çekmeginiň öwezine, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşudylmalydy.

Ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar, Waşingtonyň Tähran bilen işleşýän kompaniýalara garşy hem sanksiýalaryň giriziljekdigini duýdurmagyna garamazdan, dokumente ygrarly bolup galýandyklaryny bildiripdiler.

“Ol diňe Eýran barada gürrüň etmek bilen çäklenmez. Ol himiki ýaraglar meselesi barada hem söz açar” diýip, Halleý nygtady.

Günbatar döwletleri Siriýa hökümetiniň Idlib welaýatynda amala aşyrjak operasiýasy dowamynda himiki ýaraglary ulanmagynyň mümkindigi barada aladalaryny bildiripdiler.

Halleý Trampyň Demirgazyk Koreýa, şeýle-de Britaniýada ozalky rus içalysy Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegi barada hem gürrüň etjekdigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG