Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlara Türkiýede nähili mümkinçilikler garaşýar?


Türkiýede okamak mümkinçiligini alan türkmenler.
Türkiýede okamak mümkinçiligini alan türkmenler.

Bilinşi ýaly, Türkiýe türkmenistanly studentleriň köpçülikleýin okaýan daşary ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň "2016-njy ýylda göç" atly raportyna görä, 2016-2017 okuw ýylynda ýurduň ÝOJ-larynda okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 10242-ä baryp ýetipdir.

Muňa migrantlar bilen olaryň çagalaryny hem goşanyňda, Türkiýede student wizasyny alanlaryň arasynda türkmenistanlylar san taýdan Azerbaýjandan soň ikinji orunda durýar.

Eýsem, häzir Türkmenistanda ÝOJ-lara girip bilmedikler Türkiýede okamak üçin gijä galdymy? Şu wagt Türkiýede okamak üçin nähili mümkünçilikler we alternatiwalar bar? Ýurtda walýuta bahalarynyň ýokarlanmagy bilen okuw tölegleri hem gymmatladymy? Türkiýede okamak isleýänler edil häzir näme etmeli?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny, redaksiýa ýüzlenen köp sanly diňleýjileriň isleglerini nazarda tutup, Türkiýede nädip ÝOJ-lara girip bolýandygyna gönükdirdi.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde paýlaşyp bilersiňiz.

Türkmenistanda ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlara Türkiýede nähili mümkinçilikler garaşýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG