Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna okuwa giren gyzlar ýurtdan goýberilmeýär


Illýustrasiýa suraty

Täze okuw ýylynyň başlamagyna az salym galanda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga hak gazanan käbir ýaşlaryň, ylaýta-da, gyzlaryň okuwa barýarka, Aşgabadyň aeroportunda yzyna gaýtarylýandygy baradaky habarlar gelmäge dowam edýär.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny we sesiniň hem üýtgedilmegini sorap, Azatlyk Radiosy bilen Aşgabatdan habarlaşan bir diňleýjimiziň aýtmagyna görä, bir-iki günlükde Türkiýä okamaga barýan doganynyň iki gyzyny hem migrasiýa gullugynyň işgärleri "Gyzlaryň daşary ýurtlara okuwa iberilmeli däldigi barada ýokardan buýruk bar” diýip, yzyna gaýtarypdyr.

“Waka iki-üç günlükde ýaňy-ýakynda boldy. Türkiýede okuwa giren doganymyň gyzlaryny geçirenoklar. Migrasiýanyň işgärleri ‘Gyzlaryň daşary ýurtda okamagy bolanok’ diýip, aýdýarlar. Biri birinji kursy gutaryp, ikinji kursa geçen gyz jigisini hem zordan geçiripdir. Okuwa taýynlanyp barýan gyzlary bolsa, pasportlarynda okamaly ýurtlarynyň konsulhanasynyň möhüri basylan, hemme resminamalary kemçiliksiz we dogry hem bolsa geçirmändirler. Jigilerim oglanlary bolsa geçirýärler diýýärler. Bu nähili beýle bolýar? Olar okamak üçin gelýär. Başga iş üçin geljek bolsa ýaş gyzlarymyz okuw üçin onça dokument ýygnap azara galmazlar, dogry dälmi? Degmesinler, okasynlar, biraz bilim alsynlar. Okamak isleýänlere degmesinler” diýip, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdýar.

Türkiýä gelenden soň Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan student gyz hem ýokarda agzalýan ýagdaýa özüniň şaýatlyk edendigini aýdýar.

"Aşgabadyň aeroportunda meniň ýanymda Türkiýäniň dürli uniwersitetlerine okamak üçin barýan 7 sany gyz bardy. Olardan 2 sanysy daşoguzly, 3 sanysy maryly, ýene biri lebaply we beýlekisi hem aşgabatly. Men olar bilen migrasiýanyň barlagyndan owal tanyşdym. Olar menden Türkiýede okamagyň şertlerini soradylar we oturyp gowy gürrüň etdik. Hemmesi gaty gowy gyzlardy. Soň barlagdan geçmek üçin nobata duranymyzda, biziň öňümizdäki okamaga barýan iki gyzy geçirmän yzyna gaýtardylar. Soň migrasiýanyň işgärleri meni hem geçirmejek bolup, gaty azar berdiler. ‘Bu gyzlary yzyňa düşürip nirä we näme üçin alyp barýarsyň? Gyzlaryň daşary ýurtda okamagy bolanok, mundan habaryň ýokmy? Sen näme ýokardan berilýän buýruga garşy gelýäňmi ýa-da äsgermejek bolýaňmy? Ikinji kursa geçeniňde näme, seni hem goýbermeris islesek. Hany bir gyra çekil we bir salym garaş’ diýip, migrasiýanyň işgärleri maňa haýbat atdylar. Soň aeroportda meni ugradýan doganym tanyş-bilişlerine jaň edip, zordan meni geçirdi. Ýöne ýaňky gyzlary welin goýbermediler” diýip, Türkiýede okaýan türkmen student gyzy Aşgabadyň aeroportynda başyndan geçirenlerini we şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä aýtmaly bolsa, Türkmenistan her bir raýatyň hereket azatlygyny, öz ýurdunyň daşyna çykmak we ýaşajak, işlejek, okajak ýerini saýlamak boýunça hukuklaryny kanun taýdan berjaý edýändigini ýygy-ýygydan gaýtalap gelýär. Hatda bu barada iň soňky gezek şu ýylyň 7-nji maýynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi toparynyň öňünde Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi wekili çykyş etdi.

Muňa garamazdan, Türkmenistan halkara guramalarynyň ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklary babatynda dünýäde iň bir ýaramaz orunlary eýeläp gelýär.

Azatlyk Radiosynyň ähli synanşygyna garamazdan raýatlaryň Aşgabadyň aeroportynda başdan geçirýän kynçylyklary barada degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir maglumat almak hem başartmaýar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG