Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Alkogolly içgiler sebäpli ýylda 3 million adam ölýär


Aşgabatda satylýan alkogolly içgiler. Awgust, 2018 ý.

2016-njy ýylda, dünýädäki iň köp 20 ölüm sebäbleriniň biri hökmünde, alkogolly içgileriň zyýanly ulanylmagyndan 3 milliondan gowrak adam ýogaldy diýip, Btündünýä saglyk guramasynyň (BSG) täze hasabatynda aýdylýar.

21-nji sentýabrda BMG-niň Ženewada ýerleşýän guramasy tarapyndan 2018-nji ýylda alkogolyň we saglygyň global durumy boýunça çap edilen hasabatda Orsýet, Moldowa we Belarus ýaly ýurtlarda soňky onýyllykda alkogolly içgileri içmek derejesiniň peseliş alamatlarynyň görünýändigi hem aýdylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, dünýä ýüzünde alkogolly içgileri ulanýanlaryň dörtden üçden gowragy erkek adamlar bolup durýar.

“Alkogolly içgileriň zyýanly ulanylmagy netijesinde, zorlukly wakalar, adamlaryň ýaralanmagy, ruhy saglyk problemalary, düwnük we ýürek derdi ýaly keseller sebäpli örän köp adam, olaryň maşgala agzalary, daş-töweregi ejir çekýär” diýip, BSG-nyň baş direktory, doktor Tedros Adhanom Ghebreyesus aýtdy.

Alkogolly içgiler bilen bagly heläkçilikleriň 28 prosenti ýol-köçe hadysalary ýaly wakalarda alnan ýaralardan, 19 prosenti ýürek kesellerinden, galan bölegi ýokanç kesellerden, düwnükden, ruhy näsaglykdan we beýleki saglyk ýagdaýlaryndan uç alýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda, hasaplamalara görä, 2.3 milliard adamyň alkogolly içgileri içýändigi, olaryň ýaryndan gowragynyň üç regionyň ilatyna – Amerikalara, Ýewropa we Ýuwaş okeanyň günbatar tarapyna degişlidigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG