Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akademik Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Amul-Hazar 2018" rallisi wagtynda. Arhiw suraty

Türkmen Döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda prezident, şol bir wagtda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory diýip tanadylýan Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Şol günüň özünde Mukamlar köşgünde we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor” Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň bu eseriniň birinji kitaby golaýda, Türkmenistanda iş alyp barýan fransiýaly iş adamlarynyň tagallasy bilen, fransuz dilinde hem çapdan çykdy.

TDH Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ikinji bölümini ýazmaga ýakynda, tomusky dynç alyşlygy wagtynda başlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň TDH salgylanyp ýazmagyna görä, bu Berdimuhamedowyň iň kän wagyz edilen we iň gysga wagtda ýazylan – 2 aý 10 gün içinde çapdan çykarylan kitaby bolup durýar.

G.Berdimuhamedow bu iki kitabyndan öň hem kyrkdan gowrak kitap ýazdy we, TDH-nyň maglumatlarynda görä, ussat çapyksuwar, sazanda we aýdymçy, ussat maşyn sürüji, ok atyjy, pyçak zyňyjy hökmünde hem ykrar edilýär.

XS
SM
MD
LG