Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Waziristanda ýedi pakistanly esger, dokuz jeňçi öldürildi


Pakistan esgerleri. Karaçi, 19-njy sentýabr, 2018 ý.
Pakistan esgerleri. Karaçi, 19-njy sentýabr, 2018 ý.

Owgan serhedine golaý ýerde, Demirgazyk Waziristandaky daglykda gizlenýän jeňçileriň bukusyna reýd geçiren pakistan esgerleriniň ýedisi atyşykda wepat boldy diýip, Pakistanyň harbylary aýtdy.

Şeýle-de, Demirgazyk Waziristanyň Gharlamai we Spera Kunar Algad töwereklerinde bolan söweşlerde 9 jeňçi öldürildi diýip, harbylar 22-nji sentýabrda habar berdiler.

Habarda aýdylmagyna görä, jeňçiler Owganystan bilen aradaky serhetden geçip, Pakistana sümüp giripdirler.

Wepat bolan harbylaryň arasynda Pakistan goşunynyň kapitany hem bar.

XS
SM
MD
LG