Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş Assambleýanyň mejlisindäki Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. 2015 ý.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. 2015 ý.

Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisindäki Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Baş Assambleýanyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka sapar eder.

Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Resmi maglumata görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny we beýleki ýaraglaryň görnüşlerini ýaýratmazlyk, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny halkara bileleşigiň işinde ileri tutulýan ugurlar hasaplaýar.

Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda 1-nji oktýabrda, günüň birinji ýarymynda çykyş etmegine garaşylýar. Türkmen döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, saparyň dowamynda Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, halkara hukuk toparlary türkmen prezidentiniň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy 1-nji oktýabrda protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýärler.

XS
SM
MD
LG