Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Türkmenistan boýunça halkara komissiýasynyň döredilmegine çagyrýarlar


Türkmen aktiwistleri Wenada gurnalan pikiete gatnaşýarlar, 27-nji fewral, 2014.

Türkmen aktiwistleri Warşawada, ÝHHG-niň adamkärçilik ölçegleri boýunça geçirýän ýyllyk maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň bu guramadaky wekili bilen duşuşdylar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” saýty habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, türkmen aktiwistleri 14-nji sentýabr güni irden ABŞ-nyň ÝHHG-däki missisýasynyň başlygynyň orunbasary Harri Kamian (Harry Kamian) bilen duşuşyp, bir sagada golaý Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýy, syýasy we ynsanperwerçilik problemalary barada maslahat etdiler.

Şeýle-de olar amerikan wekiline türkmen aktiwistleri tarapyndan gol çekilen ýüzlenme hatyny gowşurdylar.

“Ýurtda raýatyň pikir, ýygnanyşyklar, mitingler, söz we hereket azatlygy ýaly esasy hukuklary her gün bozulýar, diňe häkimiýet gurluşlaryna we hökümete tarapdar partiýalara mitingleri, ýygnanyşyklary gurnamak rugsady berilýär we olar derrew prezidenti öwmek boýunça ýaryşa öwrülýär” diýip, türkmen aktiwistleriniň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Aktiwistler “Azatlyk” radiosynyň žurnalistleriniň hem “gazaply basyş astynda” işlemeli bolýandyklaryna ünsi çekýärler.

Şeýle-de hatda sud, hukuk goraýyş organlarynyň repressiw mehenizm hökmünde ulanylýandygy, Berdimuhamedowyň dolandyryşy astynda hiç bir oňyn özgerişligiň bolmandygy, ýurtda korrupsiýanyň, tanyş-bilişligiň we garyndaşparazlygyň görülmedik derejelerde gülläp ösýändigi bellenilýär.

“Türkmen häkimiýetleriniň bu hili syýasaty ýurdy ynsanperwerçilik heläkçiligine alyp barýar” diýmek bilen, ýüzlenmäniň awtorlary amerikan wekiline Türkmenistana baryp, hakyky ýagdaýlary öwrenip biljek we bu barada BMG-niň ýa-da ÝHHG-niň çäklerinde hasabat berjek halkara komissiýasyny döretmäge başlamak haýyşy bilen ýüzlendiler.

Warşawada 10-21-nji sentýabr aralygynda geçirilýän maslahatda, adatça bolşy ýaly, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy döwletleriň we raýat jemgyýetiniň agzalary döwletleriň adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirişine seredýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG