Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

24-nji sentýabrda Halk Maslahatyna derek hökümet mejlisi geçirildi


Prezident Berdimuhamedow Ýaşulylar Maslahatynda çykyş edýär. Arhiwden alnan surat
Prezident Berdimuhamedow Ýaşulylar Maslahatynda çykyş edýär. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň şu gün habar bermegine görä, 24-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedow ministler kabinetiniň, hem-de döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisini geçirdi.

Döwlet baştutanynyň 5-nji iýulda gol çeken permanyna laýyklykda, 24 – 25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde, täzeden dikeldilen Halk Maslahatynyň I Mejlisini geçirmek meýilleşdirilipdi.

Ýöne agzalýan mejlis 24-nji sentýabrda geçirilmedi. Döwlet metbugatynda mejlise bellenen wagtda başlanylmandygynyň anyk sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmedi, diňe döwlet telewideniýesinde bir setirlik sözlem bilen maslahatyň senesi ýazyldy.

Geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda Halk Maslahatynyň ilkinji geňeşiniň 25-nji sentýabrda geçiriljekdigi habar berildi.

Şeýle-de, bu günki hökümet maslahatynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow dürli sebäplere görä öz raýatlygyny ýitirip, hemişelik Türkmenistanda ýaşaýan 735 adama türkmen raýatlygyny gowşurmak barada permana gol çekdi. Prezident Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine, Içeri işler ministrligine hem-de Migrasiýa gullugyna agzalýan adamlara 1 aýyň dowamynda Türkmenistanyň pasportyny bermek barada tabşyryk berdi.

Hökümet maslahatynda Berdimuhamedow tussaglykdaky 1 müň 722 bendiniň günälerini geçmek boýunça permana hem gol çekdi. Döwlet metbugatynyň habarlarynda günäsi geçilenleriň hatarynda hukuk toparlarynyň syýasy matlaply tussag edildi diýýän adamlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy agzalmaýar.

Halk Maslahatynyň bellenen wagtda başlamandygyna garamazdan, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň aýtmagyna görä, 24-nji sentýabrda gün uzyn paýtagt Aşgabadyň esasy köçelerinde hereket çäklendirildi, köpçülik transport serişdeleriniň gatnawy göze ilmedi.

Günüň dowamynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Olimpiýa stadionynda ýurtda 28-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk çäreleri geçirildi.

Türkmenistan ilkinji gezek öz garaşsyzlyk baýramyny şu ýyl 27-nji sentýabrda belleýär, mundan ozal bu baýramçylyk 26 – 27-nji oktýabrda bellenilýärdi.

XS
SM
MD
LG