Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli 1,722 tussagy türmeden boşatdy


Türkmenistandaky bir türme.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününe gabat ozal jenaýat edendigi üçin iş kesilen 1 müň 722 raýatyň günäsini geçdi. Bu baradaky degişli permana 24-nji sentýabrda Ministlrer Kabinetiniň, hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisiniň dowamynda gol goýdy.

Adatça bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilen tussaglaryň ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de olaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Mundanam başga, günäsi geçilenleriň hatarynda hukuk toparlarynyň syýasy matlaply tussag edildi diýýän adamlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy agzalmaýar.

Türkmenistanda mundan öňki günä geçişler iýunda Gadyr gijesine gabat we mart aýynda Nowruz baýramyna gabat yglan edilipdi.

Ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklara gabat geçirilýän ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, döwlet baştutany bu gezegem günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG